HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Oktýabr 03, 2026 | 10:54 |5352
Gazagystan emeli añ we maglumatlary işläp düzmek tehnologiýalary boýunça iň uly sebit merkezine öwrülmegi meýilleşdirýärGazagystan emeli añ we maglumatlary işläp düzmek tehnologiýalary boýunça iň uly sebit merkezine öwrülmegi meýilleşdirýär
Çeşme: inform.kz

Gazagystan emeli añ we maglumatlary işläp düzmek tehnologiýalary boýunça iň uly sebit merkezine öwrülmegi meýilleşdirýär. «Kazahtelekom» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Bagdat Musin «AI and Digital Bridge» forumynda hasaplaýyş kuwwatlaryny ösdürmek strategiýasy we dünýäniň IT ägirtlerini çekmek barada beýanat berdi.

Ýurduň esasy artykmaçlygy elýeterli energetika çeşmeleriniň we ösen telekommunikasiýa infrastrukturasynyň utgaşmagydyr. Emeli añ modellerini öwretmekde zerur bolan giň göwrümli maglumat merkezleriniň işi üçin Gazagystan goşmaça 5 GWt çenli energiýa kuwwatlyklaryny bölüp bermegi meýilleşdirýär.

Sanly strategiýanyň esasy ugry ýerli inženerçilik başarnyklaryny döretmek üçin NVIDIA ýaly dünýäniň IT pudagynyň liderleri bilen hyzmatdaşlyk bolar. Şol bir wagtda ýurtda signal gijikmesini 45 millisekunda çenli azaltmak üçin Hazar sebitiniň üstünden geçýän süýümli-optiki torlar we maglumatlary geçirmegiň üstaşyr ugurlary giňeldilýär. Durnukly gurşawy üpjün etmek üçin ýerüsti we kosmos aragatnaşygyny birikdirmek meýilleşdirilýär.

Amatly geografiki ýerleşişi we döwlet tarapyndan goldaw berilmegi arkaly Gazagystan bütin Merkezi Aziýa ýurtlaryna sanly we hasaplaýyş hyzmatlaryny hödürlemäge hem-de ählumumy sanly giňişlikdäki orunlaryny berkitmäge çalyşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026