HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

Oktýabr 02, 2026 | 22:00 |3521
Çeşme: orient.tm

Ýewropa Komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşiginde dizel ýangyjynyň ortaça bahasy bir litr üçin 2,24 ýewro ýetip, rekord derejä çykdy.

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylykly hereketler başlamazdan ozal bu görkeziji 1,59 ýewro bolupdy. Ýewropa Bileleşiginiň 12 döwletinde, şol sanda Belgiýada, Italiýada, Rumyniýada we Polşada ýangyjyň bahasy rekord derejä ýetdi.

Muňa jogap hökmünde Ýewropanyň birnäçe ýurdunyň hökümetleri sarp edijileriň çykdajy ýüküni azaltmak üçin çäreleri girizip başladylar. Ispaniýa oktýabr aýynda benziniň we dizeliň bahasyny litr başyna 0,20 ýewro arzanlatmagy, şeýle hem tebigy gazyň we suwuklandyrylan gazyň bahalarynyň ýokarlanmagyna çäklendirme girizmegi tassyklady.

Awstriýa oktýabr we noýabr aýlarynda benzin bilen dizel üçin salgytlary azaltmagy we bölek satuwdaky söwda goşundysyny çäklendirmegi meýilleşdirýär.

Italiýada bolsa iri ýangyç kompaniýalary, şol sanda Eni, Q8 we SOCAR, ýurduň ýangyç guýujy beketleriniň ep-esli bölegini öz içine alýan bölek satuw bahalaryna çäklendirmeleri girizdiler.

Gresiýa dizel ýangyjyna berilýän subsidiýany 1 litr üçin 10 sentden 15 sente çenli ýokarlandyrdy we ýyladyş ulgamyna goşmaça goldaw çärelerini taýýarlaýar.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, Ýewropanyň häkimiýetleri energiýa çykdajylarynyň ilat we işewürler üçin birden ýokarlanmagynyň täsirini azaltmak maksady bilen salgyt ýeňilliklerinden, subsidiýalardan we bahalara girizilýän çäklendirmelerden peýdalanýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026