HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Google täze Gemini 4 Argon neýroulgamyny tanyşdyrdy

Oktýabr 02, 2026 | 11:14 |1640
Google kompaniýasy çylşyrymly iş meselelerini çözmek, programmirlemek we maglumatlary goramak üçin döredilen özüniň Gemini 4 Argon iň kämil emeli aň modelini tanyşdyrdyGoogle kompaniýasy çylşyrymly iş meselelerini çözmek, programmirlemek we maglumatlary goramak üçin döredilen özüniň Gemini 4 Argon iň kämil emeli aň modelini tanyşdyrdy
Çeşme: Google

Google kompaniýasy çylşyrymly iş meselelerini çözmek, programmirlemek we maglumatlary goramak üçin döredilen özüniň Gemini 4 Argon iň kämil emeli aň modelini tanyşdyrdy.

Täze neýroulgam programma koduny ýazmak, işewürlik proseslerini awtomatlaşdyrmak, şeýle hem maliýe we hukuk resminamalary bilen işlemek boýunça geçirilen synaglarda bäsdeşlerinden öňe geçdi. Mundan başga-da, emeli aňyň wideolary tanamak we köp mukdardaky maglumatlary seljermek ukyby has-da kämilleşdirildi.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, akylly kömekçi uzak wagt we köp zähmet talap edýän sanly meseleleri öz üstüne alyp, hünärmenleriň wagtyny tygşytlap bilýär. Şeýle-de bolsa, bilermenler modeliň hakyky mümkinçilikleriniň entek iş ýüzünde barlanmalydygyny belleýärler.

Ilkinji tapgyrda Gemini 4 Argon modeline giriş çäkli sanly synagçylara berler, soňra bolsa korporatiw ulanyjylar we Google AI Ultra hyzmatynyň abonentleri üçin elýeterli bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026