HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

Oktýabr 02, 2026 | 09:00 |1937
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmenleri we talyplary okuw we dolandyryş işlerini dolandyrmak üçin bitewi elektron ulgamy doly özleri işläp taýýarladylar we işe girizdilerTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmenleri we talyplary okuw we dolandyryş işlerini dolandyrmak üçin bitewi elektron ulgamy doly özleri işläp taýýarladylar we işe girizdiler
Çeşme: bilim.tm

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmenleri we talyplary okuw we dolandyryş işlerini dolandyrmak üçin bitewi elektron ulgamy doly özleri işläp taýýarladylar we işe girizdiler. Taslama 2025-nji ýylyň başynda başlanyp, häzirki wagtda uniwersitetiň 5 müňe golaý talybyny, şeýle hem 280-den gowrak mugallymyny we işgärini birleşdirýär.

Ulgamda okuw tertibine, elektron žurnallara, kitaphana we okuw materiallaryna elýeterliligi üpjün edýän amatly şahsy otaglar döredildi. Platformanyň esasy aýratynlygy emeli aňyň integrasiýasydyr. Emeli aňyň analitiki algoritmleri okuwçylaryň özleşdiriş derejesine baha bermäge we talyplarda kynçylyk döredýän dersleri öz wagtynda ýüze çykarmaga ýardam edýär. Bu bolsa olara wagtynda akademiki goldaw bermäge mümkinçilik döredýär.

Platforma synag testleriniň geçirilmegini, bahalaryň hasaba alynmagyny we akademiki kepilnamalary goşmak bilen resminamalaryň taýýarlanylmagyny doly awtomatlaşdyrýar. Gatnaşyga gözegçilik etmek üçin ulgama ýüz keşbini tanamak tehnologiýasy bolan Face ID moduly ornaşdyryldy. Ulanyjylara amatly bolmagy üçin Android we iOS üçin ykjam goşundylar hem döredildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026