Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ýaşulularyň halkara güni bellenildi


Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk duşuşygyna ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine köp ýyllar zähmet siňdiren halypa-mugallymlar, şeýle hem talyplar gatnaşdylar.

Duşuşygyň resmi bölegi nesilleriň dowamatlylygynyň ähmiýetine we ýaşlary terbiýelemekde toplanan tejribäniň ornuna bagyşlandy. Guramaçylar ululara hormat goýmagyň türkmen halkynyň esasy däpleriniň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylygynda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň işine aýratyn orun berilýär. Zähmet weteranlary bilen duşuşyklar we olaryň durmuş ýoly bilen tanyşmak ýaş nesli watançylyk, ahlaklylyk we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.
Halypa mugallymlar öz gezeginde talyplar bilen durmuş we hünär ýollary baradaky ýatlamalaryny paýlaşdylar, institutyň kemala gelşiniň dürli tapgyrlary barada gürrüň berdiler hem-de okuwda we geljekki hünär işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

Çäre baýramçylyk medeni maksatnamasy bilen dowam etdi. Talyplaryň ýerine ýetirmeginde dürli daşary ýurt dillerinde ene-atalara, parahatçylyga we halypa-şägirtlik ýörelgesine bagyşlanan goşgular ýaňlandy. Ýokary okuw mekdebiniň döredijilik toparlary we çagyrylan sungat ussatlary aýdym-saz we tans çykyşlaryny hödürlediler.
Duşuşygyň ahyrynda zähmet weteranlaryna ýaş hünärmenleri taýýarlamaga goşan köpýyllyk halal we yhlasly goşandy üçin minnetdarlyk bildirildi hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1990-njy ýylda yglan edilen Ýaşulularyň halkara güni her ýyl 1-nji oktýabrda bellenilýär we ýaşuly nesilleriň meselelerine ünsi çekmäge, şeýle hem onuň jemgyýetiň ösüşine goşandyny ykrar etmäge gönükdirilendir.
ORIENT









