HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mekdep okuwçysy «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginde 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

Oktýabr 01, 2026 | 21:07 |1724
25-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeni merkezinde «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginiň ýeňijisini sylaglamak dabarasy geçirildi25-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeni merkezinde «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginiň ýeňijisini sylaglamak dabarasy geçirildi
Çeşme: Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeni merkezi

25-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeni merkezinde «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginiň ýeňijisini sylaglamak dabarasy geçirildi. Pars dilini öwrenýän merkeziň okuwçysy Selim Annaberdiýew Eýranyň taryhy we medeniýeti barada ýazan täsirli eseri üçin üçünji orna mynasyp bolup, 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak aldy.

Dabara Pars şygryýetiniň we edebiýatynyň gününe, şeýle hem şahyr Şahriýaryň hatyrasyna bagyşlandy. Duşuşyk okuwçylary we mugallymlary bir ýere jemledi. Halkara bäsleşigi bolsa Eýranyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasy tarapyndan geçirildi.

Ýeňijä şahadatnama we pul baýragyny Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi gowşurdylar.

Ýeňijini gutlap, Abdolreza Abbasi medeniýetiň halklary we döwletleri birleşdiriji güýç bolup hyzmat edýändigini nygtady we bu ugurda bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine umyt bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026