Saud Arabystany turba geçirijiniň dikeldilmeginden soň Gyzyl deňziň terminallarynyň üsti bilen nebit ýüklemegini täzeden başlady
Saud Arabystany turba geçirijiniň dikeldilmeginden soň Gyzyl deňziň terminallarynyň üsti bilen nebit ýüklemegini täzeden başlady. "Kpler" kompaniýasynyň maglumatlaryna we hemra suratlaryna görä, ýekşenbe gününden bäri dokuz sany nebit tankeri Gyzyl deňziň kenarynda takmynan 12,5 million barrel çig nebit ýükledi. Olaryň üçüsi soňky 24 sagadyň dowamynda ýüklemesini tamamlady.
Bu işleriň täzeden başlanmagy Saud Arabystanynyň «Gündogar–Günbatar» nebit geçirijisiniň, iň bolmanda bölekleýin görnüşde, gaýtadan ulanylmaga berlendiginiň iň aýdyň alamaty hökmünde garalýar. "Reuters" habar gullugy hem 29-njy sentýabrda turba geçirijiniň gaýtadan işe girizilmeginden soň Ýanbudaky nebit ýüklemegiň täzeden başlanandygyny habar berdi.
Bu turba geçiriji Saud Arabystanynyň nebit eksportynda strategiki ähmiýete eýedir. Ol ýurduň gündogaryndaky nebit ýataklaryny Gyzyl deňziniň kenaryndaky Ýanbu porty bilen birleşdirýär we nebit daşamak üçin Ormuz bogazyndan geçmezlige mümkinçilik berýär. Onuň iň ýokary geçirijilik kuwwaty günde takmynan 7 million barrele deň bolup, şolaryň 5 million barrele çenlisi eksport üçin ulanylyp bilner.
Bejeriş işleriniň gidişinden habarly iki çeşmäniň habar bermegine görä, turba geçirijiniň üsti bilen nebit akymy günde takmynan 3,5 million barrele çenli dikeldildi. Şol bir wagtyň özünde "Reuters" ozal turba geçirijiniň gaýtadan işe girizilmeginden soňky hakyky geçirijilik kuwwatynyň günde takmynan 2–2,65 million barrel bolandygyny we ýakyn günlerde 3–4 million barrele çenli ýokarlanyp biljekdigini çaklapdy.
Saud Arabystanynyň Energetika ministrligi we döwlet kompaniýasy "Saudi Aramco" nebit üpjünçiliginiň dikeldilen möçberi barada resmi taýdan düşündiriş bermedi.
11-nji sentýabrda Saud Arabystanynyň Energetika ministrligi Er-Riýad we Medina welaýatlaryndaky desgalara edilen birnäçe hüjümden soň ätiýaçlyk çäresi hökmünde turba geçirijiniň wagtlaýyn togtadylandygyny habar berdi. Häkimiýetler infrastrukturanyň ýagdaýyna baha bermek we zerur işleri geçirmek üçin tehniki toparlary ugratdy.
Soňky hepdelerde dowam edýän sebitdäki gapma-garşylyklarynyň döwründe Saud Arabystanynyň energetika we raýat desgalary birnäçe gezek hüjümleriň nyşanasyna öwrüldi. Saud Arabystanynyň häkimiýetleri energetika infrastrukturasynyň desgalaryna zarbalar berlendigini habar berdiler.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, «Gündogar–Günbatar» nebit geçirijisiniň işiniň dikeldilmegi Saud Arabystanynyň nebit eksporty üçin aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi ol nebitleri Ormuz bogazyndan geçmezden Gyzyl deňzine ugratmaga mümkinçilik berýär. Ýanbuda nebit ýüklemegiň täzeden başlanmagy sebitden nebit üpjünçiliginiň esasy alternatiw ugurlarynyň biriniň kem-kemden dikeldilýändigini görkezýär.









