Eýran ABŞ-dan gapma-garşylykly hereketlerini bes etmek boýunça teklibine jogap aldy
Eýran gapma-garşylykly hereketlerini bes etmek boýunça teklip edilen ýedi günlük meýilnama bilen baglylykda ABŞ-nyň jogabyny aldy. Eýranyň hökümetiniň wekili Fateme Mohajerani 30-njy sentýabrda Tähran tarapyndan tarapyndan hödürlenen, gapma-garşylykly hereketlerini bes etmegi we Ormuz bogazynyň üsti bilen adaty gämi gatnawyny dikeltmegi göz öňünde tutýan meýilnama boýunça ABŞ-a berlen teklibine jogap alandygyny habar berdi.
Mohajerani X sosial ulgamyndaky beýanatynda Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçiniň şol günüň özünde geçirilen hökümet mejlisinde ABŞ-dan teklibiň alnandygyny barada habar berendigini aýtdy.
Eýran diplomatik aragatnaşyklar wagtynda Nýu-Ýorkda araçylar arkaly ABŞ-a anyk ýedi günlük meýilnamany beripdi. Arakçi ozal zerur şertler ýerine ýetirilen ýagdaýynda Ormuz bogazynyň gaýtadan açylyp bilinjekdigini we adaty gämi gatnawynyň ýedi günüň dowamynda dikeldilip bilinjekdigini aýdypdy. Häzirki çylşyrymly hereketler 28-nji fewralda başlandy. Şondan soň Ormuz bogazyna gözegçiligi güýçlendirdi.
18-nji iýunda ABŞ bilen Eýran harby hereketleri bes etmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakyndaky Yslamabat jarnamasyna gol çekdiler. Ylalaşyklara laýyklykda taraplar gutarnykly ylalaşyga gelmek üçin 60 günüň dowamynda gepleşikleri geçirmelidiler. Emma bu möhlet 17-nji awgustda gutarnykly ylalaşyk gazanylmazdan tamamlandy.
30-njy sentýabrda Hytaýyň Daşary işler ministrligi hem Eýrany we ABŞ-ny parahatçylykly çözgütlere eýermäge, Yslamabat jarnamasyna dolanmaga we mümkin boldugyça tiz wagtda dialogy hem-de gepleşikleri täzeden başlamaga çagyrdy.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, ABŞ-nyň jogabynyň Eýrana geçirilmegi dowam edýän çylşyrymly hereketleriň şertlerinde Tähran bilen Waşingtonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň dowam edýändigini tassyklaýar. Gepleşikler prosesiniň mundan beýläkki gidişi taraplaryň gapma-garşylykly hereketlerini bes etmegiň we Ormuz bogazynda adaty gämi gatnawyny dikeltmegiň şertleri boýunça ylalaşyp biljekdigine bagly bolar.









