Aziýa infrastruktura maýa goýum banky 2030-njy ýyla çenli maliýeleşdirmegi iki esse artdyrar
Infrastruktura diňe beton we polat däl, eýsem ösüşiň, durnuklylygyň we mümkinçilikleriň daýanýan binýadydyr. Näbelliligiň adaty ýagdaýa öwrülýän häzirki dünýäsinde ygtybarly we innowasion taslamalara maýa goýmak durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmegiň esasy guralyna öwrülýär. Hut şu wezipäni Aziýa infrastruktura maýa goýum banky öz üstüne alyp, işiniň täze onýyllygyna gadam basýar.
Duşenbe güni Kataryň Doha şäherinde Aziýa infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIMB) Dolandyryjylar geňeşiniň 11-nji ýyllyk mejlisi öz işine başlady. Oňa bankyň dolandyryjylary, ýokary derejeli döwlet işgärleri, müşderiler, hyzmatdaşlar we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdy. AIMB-niň prezidenti Szou Szýai çärede bankyň ösüşiniň indiki tapgyry üçin ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, barha artýan global näbellilik şertlerinde infrastrukturanyň ösüşiň, durnuklylygyň we mümkinçilikleriň esasy bölegi bolmagynda galýandygyny nygtady. Ol AIMB-niň 2030-njy ýyla çenli ýyllyk maliýeleşdirmesini takmynan 20 milliard ABŞ dollaryna çenli iki esse artdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy. Bank howa durnuklylygyny, gaýtadan dikeldilýän energiýany, sanly özgertmeleri, sebitara arabaglanyşygy, tebigaty goramagy we adama gönükdirilen ösüşi goldaýan infrastruktura aýratyn üns berer.
AIMB 2016-njy ýylyň ýanwarynda durnukly ykdysady ösüşe ýardam bermek, baýlyk döretmek hem-de infrastruktura we beýleki önümçilik pudaklaryna maýa goýmak arkaly Aziýada infrastruktura arabaglanyşygyny gowulandyrmak maksady bilen döredildi. Häzirki duşuşyk ýaş köptaraplaýyn ösüş banky üçin täze onýyllygyň resmi başlangyjyny alamatlandyrýar. Çalt giňelmegiň ilkinji onýyllygy tamamlanandan soň, AIMB-niň agzalarynyň sany ilkinji 57 esaslandyryjydan 111 tassyklanan agza çenli artdy. Bank 43 ykdysadyýetde 400-den gowrak taslama üçin 79 milliard ABŞ dollaryndan gowrak serişdäni tassyklady we öňdebaryjy halkara karz reýting agentlikleriniň AAA derejesindäki reýtingini saklap gelýär.
Metbugat ýygnagynda bankyň öňümizdäki onýyllykda öz agza ýurtlaryny goldamak üçin hyzmatdaşlygy nähili güýçlendirjekdigi baradaky soraga jogap berende, Szou köptaraplylygyň henizem esasy ähmiýete eýedigini nygtady. Ol şeýle diýdi:
«Biziň dürli sebitlerden, ösüşiň dürli tapgyrlarynda bolan 111 agzamyz bar. Bizi umumy missiýamyza we mandatymyza bolan ynam birleşdirýär — infrastrukturany ösdürmek we sebit integrasiýasyny öňe ilerletmek. Şonuň üçin garaýyşlarymyz tapawutlananda, biz olary ara alyp maslahatlaşýarys, maslahatlaşmalar we köptaraplaýyn dolandyryş gurluşy arkaly çözgüt gözleýäris».
Hyzmatdaş köptaraplylyk baradaky bu garaýyş ýerlerde gazanylýan düýpli ösüş bilen hem berkidilýär. Muny kabul edýän ýurt hem aýratyn belledi. Kataryň maliýe ministri Ali bin Ahmed Al Kuwari şeýle diýdi:
«AIMB geçen ýyl 57 taslamanyň çäginde 10,6 milliard dollarlyk maliýeleşdirmegi tassyklady, şol serişdeleriň 71 göterimini howa maliýeleşdirmesi düzýär we bu görkeziji bankyň öz maksatnamalaryndan ep-esli öňe geçýär. Bankyň täzelenen strategiýasy has ýokary maksatlary kesgitleýär: 2030-njy ýyla çenli ýyllyk maliýeleşdirmegi iki esse artdyrmak we ep-esli köp hususy maýany çekmek. Bu maksatlar dogrudyr we olar şu duşuşygyň — “Ertiriň infrastrukturasy: täsir we innowasiýalar” diýen mowzugynyň durmuşa geçirilmegine ýardam eder».
CCTV+ habar berşi ýaly, Dohada geçirilen AIMB-niň ýyllyk mejlisi täze global şertlerde köptaraplaýyn institutlaryň, hökümetleriň we hususy hyzmatdaşlaryň infrastruktura zerurlyklaryna nähili jogap berip biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Duşuşykda hususy maýany herekete getirmegiň we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.









