HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Sentýabr 30, 2026 | 23:15 |9130
Türkiýede ahalteke atçylygyny ösdürmäge we bu tohumyň sport aýratynlyklaryndan atçylyk sportunyň dürli ugurlarynda peýdalanmaga üns berilýärTürkiýede ahalteke atçylygyny ösdürmäge we bu tohumyň sport aýratynlyklaryndan atçylyk sportunyň dürli ugurlarynda peýdalanmaga üns berilýär
Çeşme: Anadolu Ajansı

Türkiýede ahalteke atçylygyny ösdürmäge we bu tohumyň sport aýratynlyklaryndan atçylyk sportunyň dürli ugurlarynda peýdalanmaga üns berilýär. Bu barada Türkiýäniň Anadolu Ajansı habarlar agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Ankarada ahalteke bedewlerini köpeltmek we olary türgenleşdirmek bilen meşgullanýan Ahal Teke Atlı Spor Kulübü işleýär. Klubyň esaslandyryjysy Şahap Gýursoý bu tohumyň çydamlylygyny belläp, ahalteke bedewlerini halkara ýaryşlaryna, hususan-da, atçylykda çydamlylyk boýunça ýaryşlara has giňden gatnaşdyrmagyň mümkindigini aýtdy.

Klubda ahalteke bedewleriniň konkurda we beýleki ugurlardaky sport mümkinçilikleriniň hem bellenýändigi aýdylýar. Gýursoýyň sözlerine görä, bu häsiýetleri görkezýän bedewleriň biri Türkmenistandan Türkiýä getirilen Gök atly ahalteke bedewidir. Bedew päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlara gatnaşýar we eýesiniň aýtmagyna görä, çapyksuwar bilen ýakyn arabaglanyşygy bilen tapawutlanýar.

Türkiýäniň türgenleri hem ahalteke bedewleriniň aýratynlyklaryny, şol sanda çydamlylygyny, çapyksuwaryň hereketlerine duýgurlygyny we atçylyk sportunyň dürli ugurlaryna uýgunlaşmak ukybyny belleýärler. Konkurda, baş öwretmede we atçylyk ýörişlerinde çykyş eden Türkiýäniň milli ýygyndysynyň türgeni Onur Taşpynar ahalteke atlarynyň gelip çykyşynyň Türkmenistana degişlidigini we onuň çydamlylygy hem-de eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýandygyny belledi.

Türkiýede ahalteke atçylygynyň ösdürilýändigi barada ozal TRT Haber hem habar beripdi. 2026-njy ýylyň iýun aýynda teleýaýlym Ankarada bu tohumy gorap saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hojalyk barada maglumat berdi. Bedewler konkurda, çydamlylyk boýunça ýaryşlarda, atly ýaý atyşynda we daglyk-tekiz däl ýerlerde at çapmak boýunça ýaryşlara gatnaşmaga taýýarlanylýar.

Hojalygyň eýesi Petek Çaglar TRT Haber teleýaýlymyna 2025-nji ýylda hojalygyň doly görnüşde ahalteke bedewlerini köpeltmäge geçendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, uzak wagtlap alnyp barlan işleriň netijesinde ulgamlaýyn köpeltmek maksatnamasynyň çäklerinde tohumçylyk üçin niýetlenen ahalteke baýtallaryny Türkiýä getirmek başaryldy. Häzirki wagtda hojalykda bu tohuma degişli 10 bedew saklanýar we 2026-njy ýylda bu ýerde bir taý dünýä indi.

Şeýlelikde, türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ahalteke bedewlerine diňe bir taryhy we medeni miras hökmünde däl, eýsem atçylyk sportunyň dürli ugurlarynda peýdalanmak meýilleşdirilýän geljegi uly sport tohumy hökmünde hem gyzyklanmanyň artýandygyny belleýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026