HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Sentýabr 26, 2026 | 23:00 |16752
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ADNOC kompaniýasy Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglaryny beýan edýärTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ADNOC kompaniýasy Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglaryny beýan edýär
Çeşme: ADNOC

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ADNOC kompaniýasy Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglaryny beýan edýär.

35 ýylyň dowamynda Türkmenistan baý taryhy mirasyna, uly tebigy serişdelerine we ýurduň ýolbaşçylygynyň geljege bolan aýdyň garaýşyna daýanyp, ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Häzirki wagtda türkmen döwleti sebitiň rowaçlygyna we dünýä energetikasynyň ösüşine uly goşant goşýar.

ADNOC öňde goýan ösüş ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyna buýsanýar. 1-nji Blokdaky hyzmatdaşlygymyz dünýä derejesindäki energetika serişdelerini jogapkärçilikli özleşdirmek, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we geljekki nesiller üçin durnukly gymmatlygy döretmek ugrunda umumy maksatlary birleşdirýär. Bu hyzmatdaşlyk Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklary şöhlelendirýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döredip, ösüşe we rowaçlyga bolan umumy ygrarlylygy pugtalandyrmak bilen barha giňelýär.

ADNOC Türkmenistana we onuň halkyna mundan beýläk-de parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýär. Biz hyzmatdaşlygymyzyň berk binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we umumy üstünliklerden doly geljegiň gurulmagyna uly umyt bilen garaşýarys.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026