HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin ýazmaça beýanatynda: Hytaý bilen ABŞ bäsdeşler däl-de, hyzmatdaşlar bolmalydyr

Sentýabr 25, 2026 | 23:00 |319
Çeşme: orient.tm

Si Szinpiniň ABŞ-a sapary wagtyndaky ýazmaça beýanaty iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze tapgyrynyň çäginde hytaý-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çemeleşmesini şöhlelendirýär. Beýanatyň özeninde hyzmatdaşlygyň gatnaşyklaryň esasy bolup galýan, düşünişmezlikleriň we bäsdeşligiň bolsa dolandyrylyp bilinýän özara gatnaşyk modelini gözlemek zerurlygy durýar.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Hytaý bilen ABŞ-nyň bäsdeşler däl-de, hyzmatdaşlar bolmalydygyny aýtdy. Ol döwlet sapary bilen ABŞ-a baran mahalynda eden ýazmaça beýanatynda amerikan halkyna hytaý halkynyň tüýs ýürekden salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Si Szinpin Hytaýyň we ABŞ-nyň iri döwletlerdigini, iki ýurduň halklarynyň uzak wagtyň dowamynda dostlukly aragatnaşyklary saklap gelýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, iki ýurduň bähbitleri biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Ol hytaý milletiniň beýik galkynyşynyň we «Amerikany ýene-de beýik edeliň» şygarynyň durmuşa geçirilmeginiň biri-birine päsgel bermezden, eýsem ugurdaş ösüp, biri-biriniň üstüni ýetirip we bütin dünýä üçin peýda getirip biljekdigini nygtady.

Si Szinpiniň sözlerine görä, şu ýyl Hytaýyň hem, ABŞ-nyň hem ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ol ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maý aýynda Hytaýa bolan saparynyň dowamynda taraplaryň strategiki durnuklylyga esaslanýan konstruktiw hytaý-amerikan gatnaşyklaryny gurmak barada ylalaşandyklaryny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň ugruny kesgitledi.

Si Szinpin Hytaý bilen ABŞ-ny bir ugurda hereket etmäge we hyzmatdaşlygyň esasy bolup galýan, bäsdeşligiň ölçegli häsiýete eýe bolan, düşünişmezlikleriň gözegçilik astynda saklanýan, parahatçylygyň bolsa umumy maksat hökmünde kabul edilýän durnukly gatnaşyklary kemala getirmäge çagyrdy.

Ol iki iri döwletiň täze döwürde bilelikde ýaşamagyň dogry ýoluny tapmalydygyny nygtady. Şunda hytaý lideriniň sözlerine görä, dünýäde we halkara ýagdaýynda bolup geçýän üýtgeşmelere garamazdan, Hytaý bilen ABŞ-nyň bilelikde parahatçylykly ýaşamagynyň taryhy logikasy, iki ýurduň halklarynyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge bolan islegi we halkara jemgyýetçiliginiň durnukly hytaý-amerikan gatnaşyklaryna bolan garaşmalary üýtgewsizligine galýar.

Si Szinpin şeýle hem Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we halkara ýagdaýy boýunça çuňňur pikir alyşmaga taýýardygyny aýtdy. Ol strategiki durnuklylyga esaslanýan konstruktiw gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri giňeltmäge umyt bildirdi.

Mundan başga-da, Hytaýyň lideri amerikan jemgyýetiniň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen giň gerimli aragatnaşyk saklamaga garaşýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ABŞ-a sapar amaly netijeleri berip, iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyryp we dünýäde parahatçylyga bolan umytlary pugtalandyrmaga ýardam edip biler.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Si Szinpin döwlet saparynyň çäginde 23-nji sentýabrda ABŞ-a baran mahalynda ýazmaça beýanat bilen çykyş etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026