HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

SpaceX NASA-nyň neýtron ýyldyzlaryny öwrenmek üçin täze kosmos detektoryny uçurar

Sentýabr 20, 2026 | 18:42 |1082
NASA täze ylmy-barlag detektory bolan StarBurst-y orbita çykarmak üçin SpaceX kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanarNASA täze ylmy-barlag detektory bolan StarBurst-y orbita çykarmak üçin SpaceX kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanar
Çeşme: SpaceX

NASA täze ylmy-barlag detektory bolan StarBurst-y orbita çykarmak üçin SpaceX kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanar. Enjam älemde neýtron ýyldyzlarynyň çaknyşyp, birleşmegi netijesinde emele gelýän gysga wagtlyk gamma şöhlelenme partlamalaryny gözlemek we öwrenmek üçin niýetlenendir.

Uçuryş 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromdan meýilleşdirilýär. Detektor Falcon 9 raketasynda Bandwagon atly bilelikdäki uçuryş missiýasynyň çäginde kosmosa iberiler. Şertnama elýeterli täjirçilik uçuryşlaryny we goşmaça peýdaly ýükleri goldamaga gönükdirilen NASA-nyň ýörite VADR maksatnamasynyň çäginde baglaşyldy.

StarBurst-yň esasy wezipesi Ýer tarapyndan ýapylmadyk asmanyň ähli bölegine gije-gündiz gözegçilik etmekden ybarat. Detektor iň güýçli gamma şöhlelenme partlamalaryny hasaba alar. Alnan maglumatlary grawitasiýa güýji tolkunlarynyň hasaba alnyşy we beýleki teleskoplaryň görkezijileri bilen deňeşdirmek arkaly astronomlar Älemde bolup geçýän iň ekstremal hadysalary birbada birnäçe görnüşdäki signallaryň üsti bilen öwrenip bilerler.

Taslama Astrophysics Pioneers başlangyjynyň çäginde durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama kiçi kosmos platformalaryny ulanmak arkaly möhüm, emma uly bolmadyk çykdajyly ylmy barlaglaryň maliýeleşdirilmegine ýardam berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026