HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi we taslamalary bilen tanyşdy

Sentýabr 15, 2026 | 11:25 |2481
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurluşygyň ikinji tapgyrynyň alnyp barlyşy we täze durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurluşygyň ikinji tapgyrynyň alnyp barlyşy we täze durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurluşygyň ikinji tapgyrynyň alnyp barlyşy we täze durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Şähergurluşyk işleriniň barşyna gözegçilik edilende daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän mekdebi döwrebaplaşdyrmak, çagalar bagyny, sport toplumyny gurmak, şeýle hem «Arkadagyň ruhy metjidiniň» we 30 müň orunlyk medrese toplumynyň gurluşygyny çaltlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Görkezilen çyzgylar we shemalar bilen tanyşyp, Gahryman Arkadagymyz täze gurulýan desgalaryň daşky we içki bezegine degişli birnäçe anyk maslahatlary berdi. Ol binagärlik pikirlerini ara alyp maslahatlaşmaga degişli hünärler boýunça bilim alýan talyplary we ýaş mugallymlary çekmegi teklip etdi.

Hususan-da, çagalaryň tebigata bolan söýgüsini ösdürmek maksady bilen çagalar bagynyň içki bezeginde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň şekillerinden peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem döwrebaplaşdyrylýan mekdepdäki okuw-terbiýeçilik işlerini milli pedagogikanyň däpleri bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Medresäniň taslamalaryna seredilende, Gahryman Arkadagymyz doly derejeli ýokary okuw mekdebiniň derejesindäki toplumyň döredilmegi üçin dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de yslam dünýäsiniň kadalaryny ulanmagyň möhümdigini belledi.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň we şäher häkimliginiň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri girizildi. Şol şanly sene mynasybetli gurlan ýaşaýyş jaýlarynda köpçülikleýin jaý toýlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, sport infrastrukturasyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz sport desgalaryna, şol sanda «Arkadag» futbol toparynyň stadionyna talabalaýyk gözegçilik edilmeginiň we olaryň abat saklanmagynyň möhümdigini belläp, desgalary netijeli peýdalanmak we saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026