Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde


«Time» žurnaly dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň täzelenen ýyllyk sanawyny çap etdi. Sanawa 100 baldan 97,51 bal toplap, çip öndürijisi Nvidia ýolbaşçylyk etdi. Apple korporasiýasy ilkinji 10-luga dolanyp gelmegi başardy we 93,16 bal reýtingi bilen üçünji orunda ýerleşdi.
Sanaw düzülende bilermenler korporasiýalara üç sany esasy ölçeg boýunça baha berdiler: işgärleriň kanagatlanma derejesi, üç ýylyň dowamynda girdejiniň ösüş dinamikasy we ekologik durnuklylyk görkezijileri.
Üstünligiň faktorlary we öňdäki orunlar
Apple-yň ilkinji üçlüge dolanyp gelmegine girdejiniň ýokary ösüş depgini ýardam etdi — tomusda kompaniýa ýyllyk görkezijide girdejiniň 10% artandygyny bellige aldy. Ýöne ekologik durnuklylyk ölçegi boýunça tehnologiýa ägirdi 24-nji ýere düşdi, işgärleriň rahatlyj derejesinde bolsa Microsoft we IBM kompaniýalaryndan yza galdy.
Nvidia-nyň öňdeligi we AMD çip öndürijisiniň onluga girmegi emeli añ tehnologiýalarynyň global derejedäki ösmegi bilen baglanyşyklydyr, bu bolsa olaryň hasaplaýyş kuwwatyna bolan islegi güýçlendirdi.
Beýleki ägirtleriň ýagdaýlary
Sanawyň ýokary bölegine Meta (4-nji ýer), Microsoft (6-njy ýer) we Deutsche Telekom (7-nji ýer) hem girdiler. Beýleki iň uly tehnologik brendleri aşakda ýerleşdiler: Lenovo 51-nji, Dell — 114-nji, Samsung — 153-nji, TSMC bolsa — 182-nji orny eýeledi.
ORIENT







