Türkmen ýaş alymlarynyň Amul–Merw boýunça ylmy işi Pekinde halkara baýragyna mynasyp boldy


Türkmenistanyň ýaş alymlary Astanow Atael, Astanowa Arman we Astanowa Sewginur tarapyndan taýýarlanan “Silk Road Monuments of the Amul–Merv Corridor: Digital Documentation and Heritage Analysis” atly ylmy iş Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen CHCD2026 halkara simpoziumynda “Outstanding Paper Award” baýragyna mynasyp boldy.
9–12-nji sentýabr aralygynda Aziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tsinghua uniwersitetinde geçirilen forum dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlary we hünärmenleri bir ýere jemledi. Türkmenistanyň wekili Atael Astanow 11-nji sentýabrda geçirilen “Young Scholars Session 1” sessiýasynda Amul–Merw koridorynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärlikleriniň sanly taýdan hasaba alynmagy we öwrenilmegi boýunça ylmy barlagyny tanyşdyrdy.
Atael Astanow “Demirgazyk ýyldyzy” hususy kärhanasynyň müdiriniň orunbasary we baş ylmy işgäri bolup, Experimental Archaeometry and Heritage Materials taslamasyna ýolbaşçylyk edýär. Ol 2018-nji ýyldan bäri Amul–Merw söwda ýolunyň arheologiýasyny we Lebap welaýatynyň taryhy-arheologik mirasyny öwrenýär. Arman Astanowa Hytaýyň Şanhaý şäherindäki East China University of Science and Technology uniwersitetinde “Emeli aň we inženerçilik” ugry boýunça bilim alýar. Sewginur Astanowa bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda mugallymçylyk işi bilen meşgullanýar.
2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul–Merw geçelgesiniň ýadygärliklerini sanly taýdan hasaba almak boýunça gözlegleriň möhüm bölegi olaryň 3D şekillerini döretmekden ybarat. “Demirgazyk ýyldyzy” hususy kärhanasynyň ýardam bermeginde, ylmy-senagat grantynyň çäklerinde, ýadygärlikleriň 3D nusgalaryny döretmek we olaryň esasynda ylmy barlaglary geçirmek boýunça işler amala aşyryldy.
Bu halkara baýrak Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň, aýratyn-da Amul–Merw koridorynyň halkara ylmy giňişlikde öwrenilmegine goşulýan möhüm goşandyň subutnamasy bolup, milli mirasy häzirki zaman sanly tehnologiýalar arkaly goramagyň täze mümkinçiliklerini açýar.









