Türkmenistanda pagta ýygym möwsümine badalga berildi


Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 9-njy sentýabrda bir wagtyň özünde pagta hasylyny ýygnamak möwsümine başlandy. Täze ýygnalan «ak altyny» kabul etmäge taýýarlaýyş nokatlary, pagta arassalaýjy kärhanalar we "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň ýöriteleşdirilen barlaghanalary doly taýýar edildi. Olar milli dokma senagaty üçin çig malyň hiline gözegçiligi üpjün edýär.
Pagta ýygym işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyny gije-gündiziň dowamynda işleýän tehniki hyzmat gulluklary, ulanmaga taýýar oba hojalyk tehnikalary hem-de daýhan hojalyklarynyň ýeňillikli üpjünçiligi üpjün edýär.
Pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli ýerlerde oba hojalyk-senagat önümleriniň sergileri geçirildi we önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormat-sarpa edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Çig mal ýüklenen ilkinji kerwenler eýýäm ýurdumyzyň kabul ediji kärhanalaryna gelip gowuşdy.







