Merkezi Aziýa dünýä maýasy üçin özüne çekijiliginiň rekord derejede artýandygyny görkezýär


Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky, ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we Döwlet daşary ykdysady bankynyň wekillerinden ybarat wekiliýeti Dubaýda geçirilen 15-nji Ählumumy maýa goýum kongresi — “AIM Congress 2026”-nyň işine gatnaşmagyny tamamlady. Forum 191 ýurtdan 25 müňe golaý wekili we 500-den gowrak ýolbaşçylary bir ýere jemläp, öňdebaryjy tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet we ýaşyl maliýe ulgamyndaky ugurlaryň seljermesi üçin dünýäniň esasy meýdançalarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin esasy ugurdaş çäre BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) Halkara söwda maliýeleşdirmesi boýunça Yslam korporasiýasy (ITFC) bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Merkezi Aziýa: özara üstüni ýetirýän kuwwatly taraplardan peýdalanmagyň sebit strategiýasy» atly ýöriteleşdirilen sessiýa boldy.
Dünýä institutlarynyň sebite barha artýan gyzyklanmasyny sanlar bilen hem tassyklanýar: Merkezi Aziýada daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň täze taslamalarynyň möçberi 2022-nji ýylda 12 milliard dollardan 2025-nji ýylda rekord derejedäki 27 milliard dollara çenli ýokarlandy we pandemiýadan öňki görkezijilerden hem geçdi. Şol bir wagtyň özünde yglan edilen taslamalaryň 48 göterimi däp bolşy ýaly, gazyp alýan pudaklara degişli boldy.
Sessiýanyň dowamynda bilermenler we sebit ýurtlarynyň degişli edaralarynyň wekilleri maýa akymyny çig mal pudagyndan çylşyrymly goşulan baha zynjyrlaryny döretmäge gönükdirmegiň, erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň we serhetüsti logistika mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň strategiýalaryna garadylar. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti halkara maliýe institutlarynyň we maýa goýum agentlikleriniň wekilleri bilen hem birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi.







