Akmaýanyň Ýolunda özboluşly himiki düzümi bolan Ýere meňzeş ekzoplanetalar ýüze çykaryldy


Galaktikamyzyň çäginde esasan metallardan we silikatlardan ybarat bolan demir-daşly, Ýere meňzeş ekzoplanetalar bar. Gurluşy boýunça olar Ýere, Wenera, Merkuriýa we Marsa meňzeşdir, emma olaryň himiki düzümi Gün ulgamynda bize mälim bolan görkezijilerden düýpgöter tapawutlanyp biler. Bu barada TASS habar berýär.
Uzakdaky älem jisimleri öwrenilende astronomlar diňe bir olaryň massasyny, radiusyny we temperaturasyny däl, eýsem içki gurluşlarynyň köpdürlüligini hem göz öňünde tutýarlar. Akmaýanyň Ýolunda Ýupiter ýaly gaz ägirtlerinden ýa-da Uran we Neptuna meňzeýän buzly planetalardan başga-da, birnäçe kilometr çuňlukdaky ählumumy umman bilen örtülen «okeanidler» diýlip atlandyrylýan dünýäler hem duş gelýär.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, iň täsin kosmos jisimleriniň käbirleri entek açylmagyna garaşýar. Alymlar nazary taýdan ugleroda baý planetalaryň bolup biljekdigini hem çaklaýarlar. Şeýle planetalarda adaty silikat mantiýasynyň ýerine karbidler agdyklyk edip biler. Şeýle çaklanylýan dünýäleriň öwrenilmegi ýyldyz ulgamlarynyň emele gelşi baradaky düşünjeleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer.
ORIENT








