HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň täze ilçisi Luk Dewinden ynanç hatyny kabul etdi

Sentýabr 10, 2026 | 23:44 |2906
9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
Çeşme: Delegation of the European Union to Turkmenistan

9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Doly ygtyýarly wekil Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştanyň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini we «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» birinji sammitiniň netijeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygyň depginli häsiýete eýedigini bellediler. Bu sammit sebitiň Ýewropa bileleşigi bilen gatnaşyklaryny strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykardy.

Energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, sanlylaşdyrma, daşky gurşawy goramak, şeýle hem Ýewropa bazarlaryna çykmak üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak amaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynda we Söwda boýunça Baş direktorlykda köp ýyllyk iş tejribesi bolan ilçi Dewin halkara hukugynyň kadalary esasynda ählumumy gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar bilen çözmek meselelerinde bitarap Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň garaýyşlarynyň ýokary derejede gabat gelýändigini nygtady. Şeýle hem ol Aşgabatdaky ÝB-niň wekilhanasynyň umumy bähbitleri anyk ykdysady we maýa goýum taslamalaryna öwürmäge gönükdirilendigini tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026