HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Sentýabr 08, 2026 | 05:05 |4505
Öňdebaryjy halkara senagat-maýa goýum düzümleri bilen hyzmatdaşlyk we möhüm infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren gepleşikleriniň esasy ugurlary boldyÖňdebaryjy halkara senagat-maýa goýum düzümleri bilen hyzmatdaşlyk we möhüm infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren gepleşikleriniň esasy ugurlary boldy
Çeşme: turkmentv.gov.tm

Öňdebaryjy halkara senagat-maýa goýum düzümleri bilen hyzmatdaşlyk we möhüm infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren gepleşikleriniň esasy ugurlary boldy.

Duşuşygyň dowamynda türkiýeli işewür Ýewropada ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn nygtady. Ol bu çäräniň medeni dialogy pugtalandyrmakda we Türkmenistanyň milli mirasynyň dünýä derejesinde giňden tanadylmagynda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Gepleşikleriň mazmunly bölegi Türkmenistanyň daşary syýasatyna bagyşlandy. Bu syýasatda ýurduň ykdysady ugry deňhukuklylyk, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly we depginli häsiýetini nygtap, bilelikdäki başlangyçlaryň geljekde hem üstünlikli ilerlediljekdigine ynam bildirdi. Öz gezeginde türk holdinginiň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy üçin minnetdarlygyny bildirdi we kompaniýanyň maksatlarynyň Türkmenistanyň bazarynda durmuşa geçirilýän häzirki hem-de geljekki taslamalaryň çäklerinde şertnamalaýyn borçnamalarynyň ählisini ýokary derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilendigini tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026