HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nýu-Ýorkda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Sentýabr 07, 2026 | 05:12 |1573
2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň «Awaza» maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, iri infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegiň mehanizmleri we üstaşyr ulag integrasiýasyny çaltlandyrmagyň ýollary 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDCs) daşary işler ministrleriniň Ýyllyk maslahatynyň esasy temalary bolar2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň «Awaza» maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, iri infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegiň mehanizmleri we üstaşyr ulag integrasiýasyny çaltlandyrmagyň ýollary 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDCs) daşary işler ministrleriniň Ýyllyk maslahatynyň esasy temalary bolar
Çeşme: un.org

2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň «Awaza» maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, iri infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegiň mehanizmleri we üstaşyr ulag integrasiýasyny çaltlandyrmagyň ýollary 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDCs) daşary işler ministrleriniň Ýyllyk maslahatynyň esasy temalary bolar.

Ýokary derejeli forum dünýäniň 32 döwletiniň öňünde durýan geografik we ykdysady päsgelçilikleri ýeňip geçmäge strategik itergi bermäge gönükdirilendir. Bu ýurtlaryň paýyna dünýä ilatynyň 7 göterimi düşýär, emma olaryň dünýä jemi içerki önümindäki paýy bary-ýogy 1,1 göterimdir. Daşary işler edaralarynyň, üstaşyr ýurtlaryň we halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde üstaşyr geçiş erkinligini üpjün etmek, logistika çykdajylaryny azaltmak, ulag-energetika ugurlaryna maýa goýumlaryny çekmek üçin ýöriteleşdirilen mehanizmi döretmek we ösýän ykdysadyýetleriň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlar bolar.

06092026-turkmenistan-elected-lldc-group-chair-un-ministerial-meeting-new-york.jpg

Öňümizdäki forumyň geçirilmegine taýýarlyk ýolundaky möhüm institusional ädim hökmünde 3-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda LLDCs toparyna agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň ýygnagy geçirildi. Onda biragyzdan kabul edilen karara laýyklykda Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllar üçin toparyň başlygy wezipesine saýlandy. Azerbaýjanyň, Laosyň, Burundiniň, Çadyň, Ruandanyň we Paragwaýyň hem girýän täze ýolbaşçylyk býurosynyň düzüminiň resmi taýdan tassyklanmagy sentýabr aýynda geçiriljek Ministrler duşuşygynyň Jemleýji jarnamasynda berkidiler.

Başlyklygyň ygtyýarlyklary 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Bu mandat Türkmenistanyň halkara giňişliginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitleriniň esasy utgaşdyryjysy hökmünde çykyş etmegine, bilelikdäki tagallalary “Awaza” maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmäge, şeýle hem sebit bazarlarynyň sanly we energetika taýdan baglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirmäge mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026