HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahalteke bedewleriniň filosofiýasy – ýewropaly okyjylar üçin Gurbanguly Berdimuhamedowyň niderland dilindäki kitabynda

Sentýabr 07, 2026 | 05:03 |3406
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň niderland diline terjime edilmegi we Wenraý şäherinde tanyşdyrylmagy Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen, ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde möhüm wakalaryň biri boldyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň niderland diline terjime edilmegi we Wenraý şäherinde tanyşdyrylmagy Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen, ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde möhüm wakalaryň biri boldy
Çeşme: turkmentv.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň niderland diline terjime edilmegi we Wenraý şäherinde tanyşdyrylmagy Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen, ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde möhüm wakalaryň biri boldy.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini, atçylyk pudagynyň bilermenlerini we žurnalistleri bir ýere jemledi. Bu bolsa ýewropaly okyjylara arassa ganly ahalteke tohumynyň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän täsin ylmy we medeni çeşme bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Ilkinji gezek 2019-njy ýylda neşir edilen bu eser ylmy, taryhy we edebiýatşynaslyk barlaglaryny özünde jemleýär. Onda milli seýisçilik däpleri, bedewleriň genetiki aýratynlyklary hem-de olaryň türkmen halkynyň ruhy durmuşyndaky orny giňişleýin beýan edilýär.

Ýewropanyň degişli ugurlary boýunça hünärmenleri we halkara bilermenleri üçin kitabyň terjimesi atly sporta innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna we ylmy-usulyýet tejribesiniň alyş-çalşygyny çuňlaşdyrmaga ýardam berjek amaly gollanma hökmünde çykyş eder.

Häzirki zaman medeni diplomatiýasynyň çäklerinde bu neşir ahalteke bedewleriniň parahatçylygyň we özara ynamyň hakyky ilçileri hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Şeýle hem ol däp bolan milli mirasy Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer dialogyň netijeli guralyna öwürýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026