Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasyna we zenanlaryň liderligine toplumlaýyn çemeleşmesini hödürledi


2-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Parahatçylyk medeniýetini kemala getirmek boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirildi. Oňa Annalena Berbok başlyklyk etdi.
Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüşiň bähbitleri üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş eden Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Wepa Hajiýew ösýän geosyýasy gapma-garşylyklary, dünýä konfliktlerini we ynamyň ýetmezçiligini ýeňip geçmekde inklýuziw diplomatiýanyň hem-de institusional bitaraplygyň ornuna bolan konseptual garaýşyny beýan etdi.

Hemişelik wekiliň çykyşynyň merkezinde parahatçylyk medeniýeti bilen bitaraplyk syýasatyň ýörelgeleriniň arasyndaky düýpli arabaglanyşyk durdy. Türkmenistanyň diplomaty BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi goldamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly 80/262 belgili Kararnamasynyň düzgünlerine salgylanyp, bitaraplyk derejesiniň dünýä proseslerinden abstrakt daşlaşmagy aňlatmaýandygyny nygtady. Gaýtam, ol jogapkärçiligiň amaly guraly bolup çykyş edýär we berk gapma-garşylygyň agdyklyk edýän, ynam bildirişiniň adaty institutlarynyň netijeliligini ýitiren şertlerinde göni dialog hem-de araçylyk üçin goragly, bitarap giňişligi emele getirýär.

Beýannamanyň esasy many-mazmun ugurlarynyň biri zenanlaryň liderligini öňüni alyş diplomatiýasy we dartgynlylygyň güýçlenmeginiň öňüni almak proseslerine integrasiýa etmek boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/294 belgili Kararnamasynyň ähmiýetini belläp, Türkmenistan Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan dünýä jemgyýetçiligini zenanlaryň parahatçylygy gurmakdaky ornuna diňe peýdalanyjy hökmünde däl-de, işjeň gatnaşyjy hökmünde garamaga çagyrdy. Zenanlar diplomatik çäreleriň iň irki tapgyrlarynda doly hukukly arhitektorlar, gepleşik geçirijiler we esasy çözgüt kabul edijiler hökmünde çykyş etmelidirler.
Bu ýörelgeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek zenanlaryň parahatçylyk döredijilik ulgamlaryna institusional goldaw berilmegini, gizlin durmuş dartgynlyklaryna gözegçilik etmek işine ýerli jemgyýetleriň has giňden çekilmegini we aň-bilim maksatnamalaryna yzygiderli üns berilmegini talap edýär.

Zorlugy ret etmek we deňlik medeniýeti resmi gepleşiklerden has öň — bilim ulgamynda we esasy durmuş institutlarynda kemala gelýär. Bitarap diplomatik meýdançalar çylşyrymly ynsanperwer we syýasy krizisleri çözmekde raýat jemgyýetiniň wekilleriniň we zenan araçylaryň gatnaşmagy üçin howpsuz şertleri üpjün edip biler.
Ählumumy bölünişigiň şertlerinde bitaraplygyň, öňüni alyş dialogyň we zenanlaryň doly hukukly liderliginiň utgaşmasy beýannama görnüşindäki maksatlary durnukly parahatçylygyň işleýän mehanizmlerine öwrüp biler.
Habar BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň resmi beýannamasynyň esasynda taýýarlanyldy.








