Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi


Şu günler eziz Watanymyzda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy giň gerimde toýlanylýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamy hem mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna asyrlara ýaň saljak zähmet üstünlikleri, döredijilik sowgatlary bilen geldi.
Täze döredilýän döredijilik eserleri halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly teatr bäsleşiginiň üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Sahna oýunlarynda ýurdumyzda Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan ösüşler, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlar, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri ussatlyk bilen açyp görkezilýär.
Bu eserler ýaşlarymyzy parasatly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarly, watanperwer nesil edip terbiýelemekde, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen tomaşaçylarynyň ruhy isleglerini kanagatlandyrmakda, teatr işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine höweslendirmekde aýratyn orny eýelejekdigine ynanýarys. Teatr bäsleşigi 2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda geçirildi. Teatr bäsleşigi özboluşly sungat baýramyna öwrüldi.
Halypa režissýorlardan, tejribeli artistlerden hem-de ussat mugallym-professorlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, teatr bäsleşiginiň baş baýragyna «Halk hakydasy» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry (režissýory Handurdy Berdiýew), I orna - «Agzybirlik rowaýaty» atly sahna oýny üçin Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Serdar Ataýew), II orna - «Howandar» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry (režissýory Eziz Işangulyýew), III orna - «Türkmen soltany» atly sahna oýny üçin Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Ata Gullarow) hem-de «Eşit meni!» atly sahna oýny üçin A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry (režissýory Baýram Garajaýew) mynasyp boldy.
Bäsleşikde sahna ussatlygynyň dürli ugurlary boýunça hem baýraklar goýuldy. «Iň oňat saz bezegi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry (baş ýolbaşçysy Myrat Aradow), Ýaş režissýoryň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Batyr Gurbanow, «Režissýoryň täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýraga Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň režissýory Döwran Joraýew, «Sahnada milli däp-dessurlary wagyz edýändigi üçin» atly ýörite baýraga Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry (baş ýolbaşçysy Orazmeňli Igdirow), «Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky иaş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowa, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Gadam Kakabaýew, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň II derejeli artisti, dramaturg Abdylazym Rejebow, «Suratkeşiň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň suratkeşi Merdan Akmämmedow, «Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýragy Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Oguljan Bekiýewa, «Iň ýaş zehin üçin» atly ýörite baýraga Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Begli Dowlyýew mynasyp boldy.
Teatr bäsleşiginde aýratyn tapawutlanyp çykyş edendigi üçin artistleriň birnäçesi sylaglandy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Kakamyrat Bazarow, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Baýramtäç Hojamämmedowa, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Mariýa Durdyýewa, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussady Zyýada Kakalyýewa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Nurýagdy Döwletow, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Gerçek Orazmuhammedow Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň Hormat hatlaryna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi sowgatlaryna mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlary Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi babatda taýsyz tagallalary hem-de döwrebap, kämil eserler bilen ruhy dünýämizi barha baýlaşdyrmak ugrunda ähli şertler döredilýändigi üçin, Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň jany saglygyny, uzak ömür, belent maksatlary işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw etdiler.
Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet minsitrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.







