HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Sentýabr 06, 2026 | 18:00 |4093
Niderland işewürleriniň deňiz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, gämi gurluşygynda we saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gatnaşmagy, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ekologik taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini emele getirýärNiderland işewürleriniň deňiz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, gämi gurluşygynda we saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gatnaşmagy, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ekologik taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini emele getirýär
Çeşme: mfa.gov.tm

Niderland işewürleriniň deňiz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, gämi gurluşygynda we saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gatnaşmagy, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ekologik taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini emele getirýär. Hyzmatdaşlygyň möhüm ynsanperwer ugry atçylyk däplerini bilelikde ösdürmek bolup durýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Niderlandlaryň Limburg sebitinde atçylyk boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň bütindünýä gözellik bäsleşiginiň geçirilmegini görkezmek bolar. Bu çäreler iki ýurduň arasyndaky jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Bular we beýleki amaly hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi formatyndaky dialogy işjeňleşdirmegiň ýollary Gaaga şäherinde geçirilen gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Ol ýerde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niderlandlaryň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşdy.

Halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen tarapy öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplygyň hukuk mehanizmleriniň ileri tutulýandygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistan öňdebaryjy niderland kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabada saparlaryny guramakda, degişli döwlet edaralary we işewür toparlar bilen anyk meseleler boýunça duşuşyklary geçirmekde ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026