HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

Awgust 28, 2026 | 23:06 |2778
Alltime tehnologik kompaniýasy emeli aňy we üç ölçegli golografik displeýi birleşdirýän dünýäde ilkinji ykjam enjam hökmünde oLand modelini tanyşdyrdyAlltime tehnologik kompaniýasy emeli aňy we üç ölçegli golografik displeýi birleşdirýän dünýäde ilkinji ykjam enjam hökmünde oLand modelini tanyşdyrdy
Çeşme: appsetter.ru

Alltime tehnologik kompaniýasy emeli aňy we üç ölçegli golografik displeýi birleşdirýän dünýäde ilkinji ykjam enjam hökmünde oLand modelini tanyşdyrdy. Täze enjam sanly kömekçiniň janly görnüşde ýanyňda bar ýaly täsirini döretmek arkaly emeli aň bilen aragatnaşygy has tebigy we düşnükli etmek üçin döredildi.

oLand-yň esasy aýratynlygy — göwrümli keşbi görkezýän interaktiw golografik ekran. Ulanyjy kömekçiniň daşky görnüşini we sesini saýlap, onuň häsiýetini hem öz isleglerine görä sazlap bilýär. Kömekçi söhbetdeşligi dowam etdirip, aragatnaşygyň mazmunyny ýatda saklap we söhbetdeşiniň duýgularyny tanap bilýär.

Enjamyň mümkinçilikleri ýönekeý söhbetdeşlik bilen çäklenmeýär. oLand akylly öý enjamlaryny dolandyryp, iş tertibini meýilleşdirip, howa baradaky maglumatlary göwrümli görnüşde görkezip, şeýle hem täzelikleri we habarnamalary 3D formatda görkezmäge ukyply.

Enjam neýro torlary bilen şahsyýetsiz aragatnaşyk meselesini çözmäge, adaty sesli kömekçini iş stolunda «fiziki» görnüşde bar bolan doly hukukly sanly kömekçä öwürmäge gönükdirilendir.

oLand-yň satuwlary ýakyn wagtda başlanar. Enjamyň esasy mümkinçiliklerini täze emeli aň modellerini we daşarky integrasiýalary ýükläp giňeltmek mümkin bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026