HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Weýrançylykly ýer titremeleri: Wenesuela we Kolumbiýadaky heläkçilikleriň sebäpleri düşündirildi

Awgust 18, 2026 | 19:30 |491
Çeşme: orient.tm

Ýakynda Wenesuelada we Kolumbiýada bolan, güýji 7 baldan ýokary bolan we uly weýrançylyklara sebäp bolan ýer titremeleri Ýuwaş ummanynyň «ýangyn halkasy» diýlip atlandyrylýan sebitindäki güýçli tektoniki işjeňlik bilen baglanyşyklydyr. Emma bu ýer titremeleriniň her biri dürli geologik mehanizm sebäpli ýüze çykypdyr. Bu barada Perunyň geofizigi mälim etdi.

Adatça ygtybarly daýanç hökmünde kabul edýän Ýerimiz käwagt öz hereket edýän tebigatyny weýrançylykly güýç bilen ýatladýar. Ýer gabygynyň yrgyldylary diňe bir geologik hadysa bolman, eýsem şäherleriň we adamlaryň ykbalynyň ägirt uly tektoniki güýçlere baglydygyny görkezýän çynlakaý duýduryşdyr. Bu hadysalaryň mehanizmlerine düşünmek, planetamyz bilen göreşmän, onuň tebigy ýagdaýlaryna laýyklykda ýaşamagy öwrenmek üçin ilkinji ädimdir.

24-nji iýunda Wenesuela, 10-njy awgustda bolsa Kolumbiýa güýçli ýer titremelerinden zyýan çekdi. Bu ýer titremeleri uly ýitgilere getirdi. Ýakynda “China Media Group”-na beren interwýusynda Perunyň Geofizika institutynyň ýolbaşçysy Ernando Tawera bu tebigy betbagtçylyklaryň geologik sebäplerini düşündirdi.

«Bu ýer titremeleriň ählisi “Ýuwaş ummanynyň ýangyn halkasy” diýlip atlandyrylýan sebitde bolup geçdi. Bu Ýeriň öz içki gatlaklarynda toplanan köp mukdardaky energiýany her ýyl ýer titremeleri we wulkan atylmalary görnüşinde boşadýan sebitidir» diýip, ol aýtdy.

Ernando Taweranyň düşündirmegine görä, Günorta Amerikanyň günbatar bölegi birnäçe tektoniki gatlaklaryň uzak wagt bäri dowam edýän hereketleri sebäpli ýer titremelerine ýygy-ýygydan sezewar bolýar. Wenesuelada, Kolumbiýada seýsmiki taýdan işjeň zolaklarda ýerleşýär, emma soňky iki ýer titremesi dürli mehanizmler arkaly ýüze çykypdyr.

«Wenesueladaky ýagdaý gatlaklarynyň gorizontal galtaşmagyna, ýagny Karib gatlagy bilen Günorta Amerika gatlagynyň biri-birine gapdal sürtülmegine baglydyr. Bu gapdal hereket döwülme zolagynyň üsti bilen bolup geçýär we hut şol döwülme ýer titremesine sebäp boldy. Ýer titremesiniň ojagy 15 kilometrden hem çuň däldi. Şonuň üçin ýer sarsgynlary örän güýçli boldy» diýip, ol belledi.

«Kolumbiýada bolsa gatlaklaryň biri-birine garşylaýyn çaknyşmagy bolup geçýär. Bu seýsmiki hadysalara sebäp bolýan Naska gatlagy yklymlaýyn gatlagyň aşagyna çümýär we takmynan 100 kilometr çuňlukda döwülýär. Şonuň üçin ýer sarsgynlary örän uly aralykda, şol sanda Ekwadorda, Panamada we Wenesuelada hem duýuldy» diýip, Tawera sözüniň üstüni ýetirdi.

Perunyň Geofizika institutynyň maglumatlaryna görä, Naska gatlagy Günorta Amerika gatlagynyň aşagyna ýylda takmynan 7–8 santimetr tizlik bilen çümýär. Gatlaklaryň bu üznüksiz hereketi olaryň galtaşýan ýerlerinde energiýanyň hemişe toplanmagyna sebäp bolýar we Peruny ýer titremeleriniň ýokary töwekgelçiligi bolan sebitleriň hatarynda saklaýar. Institutyň ýer titremeleri baradaky aýlyk býulletenine görä, şu ýylyň ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli Peruda jemi 514 ýer titremesi hasaba alyndy. Iýul aýynda bolsa bir aýyň dowamynda iň köp — 115 ýer titremesi hasaba alyndy.

Şeýle-de bolsa, Ernando Tawera ýer titremeleriniň sanynyň köpelmeginiň ýa-da azalmagynyň indiki güýçli ýer titremesiniň haçan we nirede boljakdygyny çaklamak üçin esas bolup bilmejekdigini duýdurdy. «Bu düzgün däldir. Ýer titremeleriniň ýygylygy indiki ýer titremesiniň nirede boljakdygyny bize görkezmeýär. Wenesuelada ýer titremesi boldy, birnäçe hepdeden soň bolsa Kolumbiýada başga bir ýer titremesi ýüze çykdy. Bu beýleki sebitlerde hökmany suratda indiki ýer titremesi bolar diýmegi aňlatmaýar» diýip, ol aýtdy.

Ernando Tawera ýer titremelerine taýýarlygyň esasy maksadynyň olary öňünden çaklamak däl-de, tebigy betbagtçylyklardan döräp biljek ýitgileri azaltmak üçin öňünden meýilnama düzmekdigini nygtady. Onuň sözlerine görä, Peru ýaly ýer titremelerine ýygy-ýygydan sezewar bolýan ýurtlarda ewakuasiýa ýollaryny bilmek, ilkinji zerur zatlary öňünden taýýarlamak we yzygiderli türgenleşiklere gatnaşmak töwekgelçiligi azaltmak üçin örän möhüm çärelerdir.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Wenesuela bilen Kolumbiýanyň tejribesi seýsmiki taýdan işjeň sebitlerde ylmy bilimleriň we taýýarlygyň adamlaryň janyny halas edip bilýändigini ýene bir gezek görkezýär. Alymlar tektoniki gatlaklaryň hereketini öwrenmegi dowam etdirýän döwründe, howply zolaklarda ýaşaýan adamlar ewakuasiýa ýollaryny bilmegiň we yzygiderli türgenleşmegiň ýöne bir resmi talap däldigini, eýsem ýer titrände jany halas edip biljek möhüm taýýarlykdygyny ýatdan çykarmaly däldirler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026