Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar


Täjigistanyň Milli muzeýiniň hünärmenleri ýurduň günortasynda özboluşly tapyndyny tapdylar. Abdurahmon Jami etrabyndaky gadymy Saýed ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar Kuşan patyşalygy döwrüne degişli, gowy saklanyp galan toýun möhürini tapdylar.
Ýakylan toýundan ýasalan artefakt doly görnüşde diýen ýaly saklanyp galypdyr. Ol diametri 6 santimetr bolan tegelek möhürden we sapak geçirmek üçin deşigi bolan 5 santimetr uzynlykdaky tutawaçdan ybarat. Möhüriň ýüz tarapynda aýna şekilinde baktriýa ýazuwy, geometrik nagyşlar, diş-diş täç geýen hökümdaryň keşbi, dag geçileriniň şekilleri, şeýle hem kuşan we ýerli hökümdarlaryň häkimiýet nyşanlary oýulypdyr.
Kuşan patyşalygy gülläp ösen döwründe — biziň eýýamymyzyň I–III asyrlarynda — Merkezi Aziýadan Demirgazyk Hindistana çenli bolan ägirt uly çäkleri eýeläpdir. Baý nyşanlara eýe bolan bu möhüriň tapylmagy alymlara şol döwrüň dolandyryş ulgamyny we taryhyny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda artefakty muzeýiň arheologiýa we numizmatika bölüminiň hünärmenleri öwrenýärler. Muzeýde bellenilişine görä, alnan maglumatlar bu döwür baradaky käbir kök uran ylmy garaýyşlara üýtgetmeler girizip biler. Barlaglaryň giňişleýin netijeleriniň soňra çap ediljekdigi habar berildi.
ORIENT






