Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar


Daşkent şäheriniň Ýunusabat etrabynda 1972-nji ýylda gurlan öňki inçekesel dispanseriniň binasynyň öň tarapynda ýerleşýän özboluşly mozaika pannolaryny gorap saklamak boýunça işler başlandy. Bu barada Yuz.uz habar berýär.
Binanyň ýakyn wagtda sökülmegi bilen baglylykda Medeni mirasy goramak agentligi mozaikalary seresaplylyk bilen söküp, başga bir ýeriň çägine geçirmek işlerini gurady. Bu çäre monumental sungat eserlerini goramaga we olaryň bitewüligini doly saklamaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu mozaikalar Maddy medeni mirasyň gozgalmaýan obýektleriniň Milli sanawyna girizilmäge dalaşgär hökmünde garalýar.
Pannolar XX asyryň ikinji ýarymynyň monumental sungatynyň gymmatly nusgasy bolup durýar. Dürli reňkli smaltadan taýýarlanan eserlerde adam, tebigat, ylym, zähmet we parahatçylyk temalary beýan edilýär. Hünärmenler awtorlaryň ýokary ussatlygyny, reňkleriň sazlaşykly utgaşdyrylyşyny we özboluşly çeper çözgüdini belleýärler.
Mozaikalaryň başga ýere geçirilmegi Daşkendiň 1970-nji ýyllardaky binagärlik keşbiniň möhüm bölegini gorap saklamaga we bu medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmäge ýardam eder.
ORIENT






