«Türkmengeologiýa» gözleg guýusyny çuňlaşdyrmak we özleşdirmek boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar


«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin işleriň we hyzmatlaryň potratçylaryny bäsleşik (tender) arkaly saýlamak boýunça toparyň adyndan №02/26 halkara tenderi boýunça tender tekliplerini tabşyrmagyň möhletini uzaldýar.
Tender «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy üçin aýratyn iş taslamasyna laýyklykda Akpatlawuk känindäki №01 gözleg guýusynyň miosen (N₁) çökündilerini çuňlaşdyrmak we özleşdirmek (synagdan geçirmek) boýunça geçirilýär. Tender bölünmeýän häsiýete eýedir.
Tendere gatnaşmak üçin zerur zatlar:
tenderde gatnaşmak isleýändigi barada gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, bellige alnan ýurdy, bank maglumatlary we kompaniýanyň işi baradaky maglumatlar görkezilen ýazmaça arza bermeli. Ofşor zolaklarynda bellige alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär;
Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tender geçirmek düzgünlerinden” göçürme we tenderde gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;
geologiýa-tehniki tabşyrygy we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
tenderde gatnaşmak üçin 1 500 (bir müň bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da goşulan baha üçin salgyt we bank çykdajylary hasaba alynmazdan, manatda şoňa barabar möçberde töleg üçin hasap almaly.
Maliýe serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berlenden soň berler.
Tender resminamalarynyň bukjalary iki sany möhürlenen konwertde — tehniki we täjirçilik teklipleri görnüşinde kabul edilýär. Tender teklibiniň doly bukjasy (bahalar görkezilen görnüşi) mastika möhri bilen tassyklanmalydyr.
Resminamalar diňe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hasabyna degişli serişdeler gelip gowşandan soň seredilýär.
Tender teklibi bolan konwert tender resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanawa laýyklykda taýýarlanylmalydyr.
Tender konwertiniň içine anketanyň we şertnamanyň esasy şertleriniň “Word” formatyndaky, şeýle hem tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň “Excel” formatyndaky elektron görnüşleri hökmany suratda ýerleşdirilmelidir.
Teklipleri tabşyrmagyň möhleti ýerli wagt bilen 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry sagat 12:00-a çenli uzaldyldy.
Ähli zerur resminamalar we tender teklipleri «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna şu salgy boýunça tabşyrylmalydyr: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 56.
Gerekli maglumatlary, şeýle hem yglan edilen lotlaryň spesifikasiýasyny «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň internet saýtlaryndan alyp bolýar.
E-poçta: tdk@tmgeology.gov.tm, marketing@tmgeology.gov.tm.
Maglumat üçin: 40-34-52, 40-34-54, faks: 40-34-53.
Tehniki meseleler boýunça: 40-34-13, 40-34-79, 40-34-66.








