HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Awgust 12, 2026 | 19:00 |458
11-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi11-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy

11-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli wekilleri, Mejlisiniň deputatlary, Tähranda akkreditlenen Hazarýaka döwletleriniň ilçileri, şeýle hem Gülüstan we Gilan welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

конференция ко Дню Каспийского моря1

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar sebitiň ekologiýasyny gorap saklamak bilen bagly möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň ilçisi Hazar meselesiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasat gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Türkmenistanyň sebitiň döwletleriniň arasynda dialogy ösdürmek we halkara ekologik hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň çäginde, berkitmek ugrunda yzygiderli çykyş edýändigi nygtaldy.

Maslahatda 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar deňziniň ekologik meselelerine bagyşlanan döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna aýratyn üns berildi.

конференция ко Дню Каспийского моря

Gatnaşyjylar bu sammitiň geçirilmegini ekologik howpsuzlygy üpjün etmek üçin öz wagtynda we örän möhüm başlangyç diýip atlandyrdylar. Olar «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek duşuşygyň sebitiň tebigatyny gorap saklamak boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler we bu möhüm forumyň guramaçylygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026
Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

18:54 Awgust 12, 2026
PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

18:48 Awgust 12, 2026