«Slawýan kerweni» ekspressi Merkezi we Günorta Aziýanyň bütin sebiti üçin üstaşyr köpri bolup biler


5-nji awgustda irden Daşkentdäki Çukurçaý ýük stansiýasyna 30-njy iýulda Belarusyň Orşi şäherinden ýola çykan ilkinji göni konteýner otlusy — «Slawýan kerweni» geldi. «BelTA» habarlar agentliginiň we «Özbegistan demir ýollary» PJ-nyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, otly Russiýanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçip, takmynan 4 müň kilometr aralygy rekord derejede — alty günden hem az wagtda geçdi. Bu adaty awtoulag ýük daşamalaryndan we öňki demir ýol ugurlaryndan birnäçe esse çalt. Otlynyň garşylanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre Özbegistanyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň, milli demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Belarusyň diplomatik korpusynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Taslamanyň esasy tehnologik aýratynlygy göni ekspress görnüşinde bolmagydyr. Otly tutuş ugur boýunça düzüminden aýrylmazdan, wagonlar bölünmezden we aralyk stansiýalarda goşmaça duralgalar edilmezden hereket etdi. Ilkinji gatnaw arkaly Özbegistanyň sebitlerine Belarusyň agajy gaýtadan işleýän senagatynyň önümleri, azyk harytlary we ot-iým garyndylary getirildi. Belarus demir ýollarynyň we Witebsk oblastynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylarynyň berýän bahasyna görä, konteýnerleri demir ýol arkaly daşamak öndürijilere ýük awtoulaglary bilen daşamakdan azyndan üç esse arzan düşýär. Şol bir wagtyň özünde ýükleriň ýokary derejede abat saklanmagy üpjün edilýär.
«Slawýan kerweni» taslamasy Özbegistan bilen Belarusyň arasyndaky haryt dolanyşygyny 2 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek boýunça meýilnamalaryň çäklerinde iki taraplaýyn logistika köprüsi hökmünde döredildi. Yzyna — Daşkentden Belarusyň sebitlerine Özbegistanyň dokma önümlerini, oba hojalyk önümlerini, ter miweleri we guradylan miweleri ibermek meýilleşdirilýär. Täze hyzmatyň işe girizilmegi Merkezi Aziýadaky ulag geçelgelerini giňeltmekde we tutuş sebitiň üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini güýçlendirmekde möhüm ädim boldy.
3-nji awgustda Belarus demir ýollarynyň metbugat gullugy Özbegistana eýýäm ikinji «Slawýan kerweniniň» iberilendigini habar berdi. Otlynyň düzüminde ýurduň dürli sebitlerinden öndürilen, goşulan gymmaty ýokary bolan 4 müň tonnadan gowrak Belarusyň eksport önümleri bar. Şeýle hem otlynyň düzümine Özbegistanyň üsti bilen üstaşyr geçirilip, Gyrgyzystana we Täjigistana ugradylýan eksport ýükleri girizildi. Özbegistanyň üsti bilen önümleriň iberilýän ugurlarynyň geografiýasy Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň beýleki islegli bazarlaryna çenli giňeldilip bilner diýlip, habarda bellenilýär.








