HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň ýabany tebigatyna 70 ýyldan soň ilkinji gezek gaplaň goýberildi

Awgust 07, 2026 | 11:02 |3545
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Gazagystandaky «Ile-Balhaş» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde sebitiň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek gaplaňy tebigy ýaşaýan gurşawyna goýbermek çäresi geçirildi. Uýgunlaşma döwrüni we özüni alyp barşyna degişli synaglary üstünlikli geçen Ümit («Umyt») atly amur ýolbarsynyň urkaçysy ýabany tebigata goýberildi2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Gazagystandaky «Ile-Balhaş» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde sebitiň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek gaplaňy tebigy ýaşaýan gurşawyna goýbermek çäresi geçirildi. Uýgunlaşma döwrüni we özüni alyp barşyna degişli synaglary üstünlikli geçen Ümit («Umyt») atly amur ýolbarsynyň urkaçysy ýabany tebigata goýberildi
Çeşme: Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrligi

2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Gazagystandaky «Ile-Balhaş» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde sebitiň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek gaplaňy tebigy ýaşaýan gurşawyna goýbermek çäresi geçirildi. Uýgunlaşma döwrüni we özüni alyp barşyna degişli synaglary üstünlikli geçen Umyt atly amur ýolbarsynyň urkaçysy ýabany tebigata goýberildi.

first-amur-tiger-released-into-wild-kazakhstan-2026 (5).jpg

Bu waka Gazagystanyň, Russiýanyň we halkara tebigaty goramak guramalarynyň iri ýyrtyjyny ozal ýok bolup giden Turan gaplaňynyň taryhy ýaýran çägine gaýtadan ýerleşdirmek boýunça bilelikdäki maksatnamasynyň ilkinji amaly tapgyry boldy.

first-amur-tiger-released-into-wild-kazakhstan-2026 (9).jpg

Gaplaňyň goýberilmegi sosial ulgamlarda uly gyzyklanma döretdi. Şol ýerde ýyrtyjynyň goraghananyň çäginden çykyp, Balhaş şäheriniň golaýynda görülendigi baradaky galp habar tiz ýaýrady. Ulanyjylar emeli aň arkaly döredilen, sährada duran gaplaňyň şekilini köpçülikleýin paýlaşdylar. Emma Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrligi bu maglumaty dessine inkär etdi. Ministrlik Ümitiň häzirki zaman GPS/GSM hemra gözegçilik boýunbagy bilen enjamlaşdyrylandygyny, onuň hereketleriniň we ýagdaýynyň hünärmenler tarapyndan gije-gündiz gözegçilikde saklanýandygyny, internetde ýaýradylan suratyň bolsa emeli aň arkaly döredilen galp şekildigini mälim etdi.

first-amur-tiger-released-into-wild-kazakhstan-2026 (8).jpg

Bu täsin taslamanyň taýýarlyk tapgyry on ýyldan gowrak dowam etdi. Goraghananyň Günorta Balhaş sebitindäki çäginde ekoulgam doly dikeldildi: tugaý tokaýlary täzeden döredildi, Buhara sugunlarynyň we gulanlaryň sany ep-esli artdyryldy. Ýakyn wagtda uýgunlaşdyryş meýdançalarynda saklanýan beýleki gaplaňlar hem Ümite goşular. Gaplaňyň Ili derýasynyň deltasyndaky taryhy mekanyna gaýdyp gelmegi tutuş Merkezi Aziýanyň täsin tebigy mirasyny we biologik dürlüligini dikeltmekde örän möhüm tapgyry alamatlandyrýar.

first-amur-tiger-released-into-wild-kazakhstan-2026 (2).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026