HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça ýokary derejeli forum geçirildi

Awgust 07, 2026 | 07:03 |3987
5-nji awgustda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny güýçlendirmek boýunça ýokary derejeli milli tegelek stoluň başynda pikir alyşma geçirildi. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligine gabatlanyp geçirilen forum, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde gurnaldy5-nji awgustda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny güýçlendirmek boýunça ýokary derejeli milli tegelek stoluň başynda pikir alyşma geçirildi. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligine gabatlanyp geçirilen forum, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde gurnaldy
Çeşme: tdh.gov.tm

5-nji awgustda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny güýçlendirmek boýunça ýokary derejeli milli tegelek stoluň başynda pikir alyşma geçirildi. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligine gabatlanyp geçirilen forum, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde gurnaldy. Giň möçberli duşuşyga Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna şeýle hem Mejlisiň agzalary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary we diplomatik wekilhanalaryň we halkara maliýe edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

ashgabat-high-level-roundtable-breastfeeding-support-unicef-fund (2).jpg

BMG-niň agentlikleriniň wekilleri gatnaşyjylary gutlap, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Öz gezeginde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyrsahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurtda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda we “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda berkidilen “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” diýen milli ýörelgäniň durmuşa geçirilýändigini belledi. Ol çagalaryň ömrüniň ilkinji alty aýynda ene süýdi bilen iýmitlendirilmegine maýa goýmagyň milletiň saglygy üçin mümkinçiliklerini artdyrýandygyny nygtady.

ashgabat-high-level-roundtable-breastfeeding-support-unicef-fund (3).jpg

Tutuş ýurt boýunça eneler üçin goldaw ulgamyny ösdürmek üçin Gaznanyň wise-prezidenti sertifikatlaşdyrylan laktasiýa boýunça hünärmenler bilen “deňe-deň” ýörelgesi boýunça maslahatlary giňeltmegi, giň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çäräni başlamagy we ýerli kärhanalary ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneler üçin şertleri döretmäge höweslendirmegi teklip etdi. Tematiki sessiýalaryň dowamynda bilermenler ylmy barlaglaryň netijelerini tanyşdyrdylar, “Ene süýdi — iň gowy başlangyç” atly bilelikdäki çäräniň jemlerini jemlediler hem-de eneligi we çagalygy goramagyň hukuk mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki hereketleriň anyk Meýilnamasynyň işlenip düzilmegi duşuşygyň jemleýji pursady boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

20:00 Sentýabr 17, 2026
Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

17:00 Sentýabr 17, 2026
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026