Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa ilkinji sammite taýýarlygyň jemleýji tapgyryna çykýar


Astanada «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň ilkinji sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. Duşuşyk sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän alty döwletiň Baştutanlarynyň ilkinji taryhy sammitiniň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr boldy.
Maslahat Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Çon Yý-heniň başlyklyk etmeginde geçirildi. Oňa Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň diplomatik wekilleri gatnaşdylar. Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatlarynda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa baý energetika we mineral serişdelerine eýe bolan strategik Ýewraziýa sebitidir. Sentýabr aýyndaky sammit bolsa sebitara diplomatik hyzmatdaşlykda täze möhüm tapgyry açar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar sammite hem-de onuň çäklerinde geçiriljek işewürler forumyna taýýarlyk meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem häzirki wagtda şertli taýdan «Seul Jarnamasy» diýlip atlandyrylýan Bilelikdäki jarnamanyň esasy düzgünleri boýunça garaýyşlar doly ylalaşyldy. Mundan başga-da, senagat, energetika, ulag-logistika, sanly tehnologiýalar we oba hojalygy ugurlarynda anyk taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aşgabadyň köptaraplaýyn dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem öňde boljak sammitleriň işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygy nygtaldy.
Sebitara forumyň çäklerinde Ahmet Gurbanow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Çon Yý-heniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi. Taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk dostluk we özara ynanyşmak däplerine esaslanýandygyny belläp, öňde boljak sammitiň netijeleri boýunça anyk amaly netijeleri gazanmak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini tassykladylar.





