HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi meýilnamadan 23%-e golaý artyk ýerine ýetirildi

Awgust 02, 2026 | 12:30 |3364
2026-njy ýylyň ýedi aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň esasy görkezijileri 1-nji awgust, şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde beýan edildi. Hasabata görä, pudagyň esasy kärhanalary çig maly çykarmak boýunça meýilnama görkezijilerini diňe bir üstünlikli ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän senagatyň taýýar önümleriniň önümçiligini hem ep-esli artdyrdy2026-njy ýylyň ýedi aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň esasy görkezijileri 1-nji awgust, şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde beýan edildi. Hasabata görä, pudagyň esasy kärhanalary çig maly çykarmak boýunça meýilnama görkezijilerini diňe bir üstünlikli ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän senagatyň taýýar önümleriniň önümçiligini hem ep-esli artdyrdy
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň ýedi aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň esasy görkezijileri 1-nji awgust, şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde beýan edildi. Hasabata görä, pudagyň esasy kärhanalary çig maly çykarmak boýunça meýilnama görkezijilerini diňe bir üstünlikli ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän senagatyň taýýar önümleriniň önümçiligini hem ep-esli artdyrdy.

Ýanwar–iýul aýlarynyň jemleri boýunça iň ýokary ösüş depginini suwuklandyrylan gazyň önümçiligi görkezdi. Bu ugurda meýilnama 122,6 göterim ýerine ýetirildi. Benziniň önümçiligi hem bellenilen meýilnamadan ep-esli ýokary bolup, 121,6 göterime, dizel ýangyjynyň önümçiligi bolsa 113,5 göterime ýetdi. Şeýle hem, «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli kärhanalarynda ýokary netijeler gazanyldy. Bu ýerde nebiti gaýtadan gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 105,5 göterim, çalgy ýaglarynyň önümçiligi bolsa 103 göterim ýerine ýetirildi. Polipropileniň önümçiligi hem durnukly derejede saklanyp, meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi.

Nebit we gazy çykarmak pudagy hem meýilnamalaýyn görkezijilerden durnukly öňe geçýär. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň umumy möçberi meýilnamanyň 108,1 göterimine deň boldy. Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak boýunça meýilnama bolsa 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026