HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Awgust 02, 2026 | 15:40 |1845
Häzirki zaman syýahatçylyk pudagynda adaty mahabat wideolarynyň ornuny kem-kemden kinematografik hekaýa beýan edişi (cinematic storytelling) eýeleýärHäzirki zaman syýahatçylyk pudagynda adaty mahabat wideolarynyň ornuny kem-kemden kinematografik hekaýa beýan edişi (cinematic storytelling) eýeleýär
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Häzirki zaman syýahatçylyk pudagynda adaty mahabat wideolarynyň ornuny kem-kemden kinematografik hekaýa beýan edişi (cinematic storytelling) eýeleýär. Çeper kyssaçylyk usuly tomaşaçylara diňe bir gözel ýerleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň medeniýetine we durmuş ýörelgesine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Bu çemeleşmäniň netijeliligi ýaňy-ýakynda abraýly US International Awards 2026 halkara bäsleşiginde dünýä derejesinde ykrar edildi.

25 ýurtdan 100-den gowrak jemleýji tapgyra geçenleriň gatnaşan bäsleşiginde Türkiýäniň Syýahatçylygy ilerletmek we ösdürmek agentliginiň (TGA) wizual taslamalary bilermenleriň aýratyn ünsüni çekdi. TGA bilen Turkish Airlines awiakompaniýasynyň bilelikde taýýarlan «So Turkish, Go Turkish» atly mahabat filmi ýurtlary mahabatlandyrmak ugry boýunça kümüş baýraga mynasyp boldy. Bu ýyl degişli ugur boýunça altyn baýrak gowşurylmandygy sebäpli, film iş ýüzünde iň ýokary baha eýe boldy.

Film Türkiýäni diňe bir geografik nokat hökmünde däl-de, eýsem özboluşly durmuş ýörelgesi bolan ýurt hökmünde görkezýär. Aýasofýanyň ajaýyp keşbi, Kapadokiýanyň asmanda ýüzýän howa şarlary we Egeý deňziniň kenaryndaky milli myhmansöýerlik sahnalary tomaşaçylara sebitiň hakyky ruhuny ýetirýär.

Gysga wideolar bilen birlikde, kinematografik hilde taýýarlanan mini-seriallar hem sanly gurşawda uly meşhurlyga eýe bolýar. Ozal çykarylan bäş taslama jemi 7,69 milliard mahabat görkezilişini we dünýä boýunça 4,4 milliarddan gowrak tomaşany toplady. Ýakynda bolsa döredijiler «Turquoise Summer» atly altynjy taslamany hödürlediler.

турецкие кинематографические проекты-ANTALYA GAMBIT

ABŞ-da geçirilen bäsleşikde Türkiýäniň ýene bir tanyşdyryş taslamasy — «Antalya Gambit» serialy şäherleri mahabatlandyrmak ugry boýunça kümüş baýraga mynasyp boldy.

Serialda sungat kuratory Lara bilen syrly binagär Denis arkaly tomaşaçylar Antalýanyň goýy gök aýlaglaryna, gadymy ýadygärliklerine we häzirki zaman dynç alyş merkezlerine syýahat edýärler. Şeýlelikde, Antalýa diňe bir kenarýaka dynç alyş merkezi däl-de, eýsem baý taryhy bolan sebit hökmünde açylyp görkezilýär.

турецкие кинематографические проекты-İSTANBUL MY LOVE

Şeýle hem, bu ugurda finala çykan «İstanbul My Love» serialy Stambuly wakalaryň işjeň gahrymanyna öwürýär.

Serialyň beýany Stambul atly zehinli gyz bilen üstünlikli telekeçi Tanyň uly şäherde hakyky söýgini gözleýşi barada gürrüň berýär. Şäheriň joşgunyny romantika bilen utgaşdyrýan serial Çyragan köşgüni, Galataporty, Bosfory we Beýogly etrabyny görkezmek arkaly tomaşaçylary bu ýeriň özboluşly ruhuna çuňňur aralaşdyrýar.

Şeýlelikde, ýurduň medeniýetini we durmuş ýörelgesini kinematografik hekaýalar arkaly görkezmek halkara syýahatçylyk bazarynda mahabatlandyrmagyň iň täsirli usullarynyň biri hökmünde barha giňden ykrar edilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026