Özbegistanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana işewürlik missiýasy gurluşyk pudagynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açýar


27–28-nji iýul aralygynda Aşgabatda Özbegistanyň Gurluşyk materiallary senagaty kärhanalary assosiasiýasynyň işewürlik-missiýasy geçirildi. Işewür gatnaşyklarynyň esasy meýdançasy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-özbek işwürlik forumy çykyş etdi. Bu forum iki ýurduň degişli döwlet edaralarynyň, gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň hem-de gurluşyk materiallaryny öndürijileriň wekillerini bir ýere jemledi.
Senagat we raýat gurluşygy, awtomobil ýollaryny enjamlaşdyrmak hem-de gurluşyk materiallaryny öndürmek ugurlarynda işleýän takmynan 30-a golaý özbek kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistana anyk hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini gözlemek maksady bilen geldiler. Bu mümkinçilikler göni üpjünçilikden başlap, bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge çenli giň ugurlary öz içine alýar.

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow häzirki wagtda gurluşyk pudagynyň iki ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüniň biridigini belledi.
«Türkmenistanda döwrebap şäherleriň, senagat kärhanalarynyň we infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna gönükdirilen iri döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Öz gezeginde, Özbegistan gurluşyk materiallaryny öndürmek babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup, eksport ugruny hem üstünlikli ösdürýär. Şonuň üçin şu gezekki duşuşyk aýratyn amaly ähmiýete eýedir. Sebäbi ol önümçilik zynjyrlaryny gysga wagtda ýola goýup biljek işewür toparlaryň göni gepleşik meýdançasydyr».

Tanyşdyryş bölüminde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekili Mekan Sopyýew özbek hyzmatdaşlaryny ýurduň gurluşyk senagatynyň mümkinçilikleri, zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylyşy hem-de täze önümleriň özleşdirilişi bilen tanyşdyrdy.
Işewürlik maslahatynda esasy üns pudaklaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we aýry-aýry kärhanalaryň tehnologik mümkinçiliklerine gönükdirildi. Özbegistanyň Gurluşyk materiallary senagaty kärhanalary assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Ulugbek Hakberdiýew senagat hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtap, bäsdeşlige ukyply önümleri bilelikde öndürmek maksady bilen iki ýurduň çig mal we önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy Begenç Arazow bolsa türkmen hususy pudagynyň importyň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmäge, bilelikdäki gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge we sebitiň ýurtlaryna önümleriň eksportyny artdyrmaga doly taýýardygyny tassyklady.

Özbegistanyň öndürijileri forumda öz tekliplerini we tehnologik çözgütlerini tanyşdyrdylar. «Original Colormix» kompaniýasy sebitiň howa şertlerine laýyk gelýän häzirki zaman lak-boýag önümlerini hem-de gury gurluşyk garyndylaryny hödürledi. «Pipe Metal» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti jemagat hojalygy infrastrukturasyna we senagat gurluşygyna niýetlenen polat hem-de metal önümlerini üpjün etmek mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Şeýle hem «Mexmash» kompaniýasynyň ýolbaşçylary türkmen hyzmatdaşlaryny çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurluşygynda giňden ulanylýan ýokary berklikli berkidijileriň we ätiýaçlyk şaýlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyrdylar.
Bu çykyşlar taraplaryň biri-birine diňe alyjy ýa-da satyjy hökmünde däl-de, eýsem önümçilik zynjyrynyň doly hukukly hyzmatdaşlary hökmünde garaýandyklaryny aýdyň görkezdi.

ORIENT neşirine beren interwýusynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow forumyň düýpli taýýarlanmagynyň ony örän işjeň we netijeli pikir alyşmalar görnüşinde geçirmäge mümkinçilik döredendigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, B2B we B2G görnüşinde geçirilen gepleşikler diňe import-eksport söwdasy bilen çäklenmän, eýsem has giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň esasy ugurlaryny kesgitledi.
«Häzirki wagtda ýurtlarymyzda iri möçberli infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär, ulag geçelgeleri ösdürilýär, ýaşaýyş jaýlarynyň we senagat desgalarynyň gurluşygy barha giň gerim alýar. Bu bolsa gurluşyk materiallary bazarynyň ep-esli giňelmegine we tehnologiýalar boýunça yzygiderli tejribe alyşmaga bolan zerurlygy artdyrýar, — diýip ilçi belledi. — Sebitimiziň töwereginde emele gelýän çylşyrymly logistika şertlerinde üçünji ýurtlaryň, şol sanda Owganystanyň geljegi uly bazarlaryna bilelikdäki önümler bilen çykmak üçin tagallalarymyzy birleşdirmelidiris».

Diplomat gurluşyk pudagynyň durmuş ähmiýetine hem aýratyn ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, mekdepleriň, hassahanalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda iň döwrebap hem-de ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň ulanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de özbek işewür toparlary Türkmenistanda sebitiň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäheriniň gurulmagy boýunça toplanan özboluşly tejribä uly gyzyklanma bildirdiler. Şäheriň konsepsiýasy we sanly tehnologiýalary goňşy ýurduň gurluşyk kompaniýalarynyň hünärmenleriniň üns merkezinde boldy.
Işwürlik-missiýanyň ikinji güni — 28-nji iýul dolulygyna amaly işe bagyşlandy. Özbek kärhanalarynyň wekilleri Aşgabadyň iri infrastruktura gurluşyk meýdançalaryna baryp gördüler hem-de türkmen kärdeşleri bilen göni işewürlik gepleşiklerini geçirdiler.

Şolaryň çäklerinde Türkmenistanyň belli hususy kompaniýalarynyň biri bolan «AK Gaya» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde özbek tarapy eksport mümkinçiliklerini, baha tekliplerini we logistika çözgütlerini tanyşdyrdy. Şeýle hem gurluşyk materiallarynyň uzak möhletleýin iberilişi hem-de türkmen bazarynda hödürlenilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen işewürlik-missiýa Türkmenistanyň we Özbegistanyň gurluşyk bazarlarynyň ýönekeý söwda gatnaşyklaryndan çuňlaşdyrylan senagat hyzmatdaşlygyna geçýändigini aýdyň görkezdi. Halkara bazarlarynda bäsdeşligiň barha güýçlenýän şertlerinde iki ýurduň tehnologik, çig mal we işgärler mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagy ýokary goşulan gymmatlyga eýe, energiýa tygşytlylygy we ekologiýa howpsuzlygy boýunça ýokary talaplara laýyk gelýän önümleri öndürmäge hem-de täze eksport bazarlaryna çykmaga giň mümkinçilik döreder.






