Aşgabatda Türkmenistanyň edaralary bilen ÝTÖB-niň arasynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi


28-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Bassonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, «ýaşyl» energetikany ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, şeýle hem ulag geçelgelerini şol sanda Hazarüsti halkara ulag ugruny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda bäş sany resminama gol çekmek dabarasy geçirildi:
2027–2032-nji ýyllar üçin strategik ileri tutulýan ugurlar — Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama. Bu resminama bankyň Türkmenistandaky işiniň geljek bäş ýyl üçin esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Bank ulgamyny berkitmek — Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda bank ulgamyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Durnukly energetika we ekologiýa — Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak — Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
«Ýaşyl şäherler» — Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasynda ÝTÖB-niň «Ýaşyl şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.







