HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi

Iýul 29, 2026 | 09:26 |2040
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda ilkinji ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Diplomatik edaralaryň departament başlyklarynyň derejesindäki duşuşyk 28-nji iýulda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdiTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda ilkinji ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Diplomatik edaralaryň departament başlyklarynyň derejesindäki duşuşyk 28-nji iýulda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda ilkinji ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Diplomatik edaralaryň departament başlyklarynyň derejesindäki duşuşyk 28-nji iýulda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdi.

Geňeşmeleriň barşynda diplomatlar Aşgabat bilen Wellingtonyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy ilerletmek meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşligi bellenildi. Şeýle hem olar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde orny” atly kararnamamnyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin Täze Zelandiýa minnetdarlyk bildirildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda durnukly ulag ulgamyny we energetikany ösdürmegi, daşky gurşawy goramagy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagy aýratyn bellediler. Geňeşmeleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulagyň onýyllygynyň (2026-2035-nji ýyllar) çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň ekologik başlangyçlaryny, hususan-da Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda diplomatlar häzirki haryt dolanyşygynyň iki ýurduň arasyndaky bar bolan mümkinçilikleri doly açyp görkezmeýändigini bellediler. Taraplar ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, suw hojalygy, şeýle hem täjirçilik düzümleriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ösdürmegi geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Mundan başga-da, taraplar medeni we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyş-çalyş maksatnamalaryny, onlaýn festiwallary we muzeý taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026