Wladimr Putin: Ýylyň başyndan bäri Demirgazyk – Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalary 10% artdy


2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda halkara ulag geçelgesi “Demirgazyk – Günorta” (HUG) boýunça ýük daşamalarynyň möçberi 10% artdy. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Omsk şäherinde geçirilen Russiýa bilen Gazagystanyň sebitara hyzmatdaşlyk forumynda çykyş edip, mälim etdi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
Russiýanyň Prezidenti bu ugur boýunça ýük akymynyň durnukly ösýändigini belledi. Geçelgäni ösdürmekde Russiýa bilen Gazagystan işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň Gara we Baltika deňizlerindäki portlaryny, Arktikany, şeýle hem Sibiriň we ýurduň merkezi böleginiň senagat sebitlerini Gazagystanyň üsti bilen Türkmenistan we Eýran bilen baglanyşdyrýan gündogar şahasy aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistan üçin “Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry strategik ähmiýete eýedir. Ýurt Ýewraziýa ulag çatrygynyň aýrylmaz baglanyşdyryjy halkasy bolup çykyş edýär. Hut Türkmenistanyň çäginden we Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol magistraly arkaly Pars aýlagyna hem-de Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykýan esasy gury ýer ýük akymlary geçýär.
Aşgabat serhetýaka we port infrastrukturasyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýar, toplumlaýyn logistika hyzmatlaryny ornaşdyrýar hem-de makrosebitiň hyzmatdaşlary bilen çeýe nyrh syýasatyny ylalaşýar. Gündogar şahasy boýunça ýük daşamalarynyň barha artmagy Türkmenistanyň ygtybarly halkara logistika merkezi hökmündäki ýokary ornuny tassyklaýar. Bu bolsa Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda ýükleriň bökdençsiz üstaşyr geçirilmegini üpjün edýär.






