HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistan – Özbegistan işewürlik maslahaty geçiriler

Iýul 26, 2026 | 06:14 |6434
27–29-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistan – Özbegistan» işewürlik maslahaty geçiriler. Onuň çäklerinde iki ýurduň täjirçilik we döwlet düzümleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn işewür duşuşyklar guralar27–29-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistan – Özbegistan» işewürlik maslahaty geçiriler. Onuň çäklerinde iki ýurduň täjirçilik we döwlet düzümleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn işewür duşuşyklar guralar
Çeşme: orient.tm

IŞEWÜRLİK | ORIENT. 27–29-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistan – Özbegistan» işewürlik maslahaty geçiriler. Onuň çäklerinde iki ýurduň täjirçilik we döwlet düzümleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn işewür duşuşyklar guralar.

B2B görnüşindäki gepleşikleriň esasy ugry gurluşyk pudagy, senagat hyzmatdaşlygy we gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly strategiki ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdiriler.

Üç günlük işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň hem-de senagat wekilleriniň täze şertnamalara gol çekmegine, çig malyň we taýýar önümleriň göni üpjünçiligi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna, şeýle-de bilelikdäki önümçilik hyzmatdaşlygy babatda taslamalary kesgitlemegine garaşylýar.

Öňümizdäki forum iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak ugrunda alyp barýan syýasatyny görkezýär. ORIENT neşiri mundan ozal sebitde önümçilik kuwwatlaryny birleşdirmäge güýçli itergi bermäge gönükdirilen türkmen-özbek Senagat zolagyny we Ýokary derejeli döwletara geňeşi döretmek baradaky möhüm teklipler barada habar beripdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026