Abu Dhabi Maritime Awards 2026 baýragyna arzalar kabul edilip başlandy


Abu Dhabi Maritime Awards 2026 baýragynyň dördünji ýyllyk möwsümine gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy. Bu abraýly sebit baýragy Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Türkiýe (MENAT) sebitindäki iň gowy marinalary, gaýyk duralgalaryny we ýahta toplumlaryny sylaglaýar. Baýrak gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 19–22-nji noýabry aralygynda geçiriljek Abu Dabi halkara gaýyk sergisiniň çäklerinde geçiriler.
Taslamanyň guramaçylary Abu Dhabi Maritime (AD Ports Group-yň düzümine girýär) hem-de Abu Dhabi Mobility toplumynyň düzümindäki Integrirlenen ulag merkezi bolup durýar. Baýragyň esasy maksady sebitdäki ýahta infrastrukturasyny dolandyrmakda gazanylan ýokary üstünlikleri, innowasiýalary we ekologiýa taýdan durnukly ösüşi höweslendirmekden ybaratdyr.
2026-njy ýylda ýeňijiler üç esasy ugur boýunça jemlenen 12 nominasiýa esasynda kesgitlener:
• Guramaçylyk nominasiýalary: howpsuzlyk, innowasiýa, ekologiýa, müşderi hyzmaty we zähmet şertleri boýunça gazanylan üstünlikler üçin. Esasy baýrak bolan «Iň tapawutlanan marina» ähli ugurlar boýunça iň ýokary netijeleri görkezen topluma gowşurylar.
• Taslama nominasiýalary: ekologiýa, innowasion tehnologiýalar we işgärleriň abadançylygy boýunça üstünlikli taslamalar üçin.
• Şahsy nominasiýalar: işgärleriň şahsy goşandy we liderlik ukyplary üçin («Iň tapawutlanan lider», «Hyzmat gahrymany», «Ýetişip gelýän ýyldyz»).
Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ýaşaýjylar we syýahatçylar üçin «Iň meşhur marina» atly ýörite nominasiýa boýunça açyk onlaýn ses berişlik geçiriler.
Bäsleşige MENAT sebitindäki ygtyýarnamaly marina eýeleri we operatorlary gatnaşyp bilerler. Arzalary tabşyrmak we hasaba durmak Abu Dhabi Maritime Awards-yň resmi saýty arkaly amala aşyrylýar.
ORIENT







