HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly ussatlar we dizaýnerler Kazanda geçirilýän V Halkara etnofestiwalyna gatnaşýarlar

Iýul 25, 2026 | 06:36 |3740
Kazan şäherinde «Durmuş stili – Medeniýet kody» atly V Halkara etnofestiwaly öz işine başlady. Özboluşly ussatlyk merkezinde geçirilýän iri medeni çäre Russiýanyň sebitlerinden we daşary ýurtlardan gelen senetçileri, suratkeşleri hem-de moda dizaýnerlerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistandan gelen ussatlar hem barKazan şäherinde «Durmuş stili – Medeniýet kody» atly V Halkara etnofestiwaly öz işine başlady. Özboluşly ussatlyk merkezinde geçirilýän iri medeni çäre Russiýanyň sebitlerinden we daşary ýurtlardan gelen senetçileri, suratkeşleri hem-de moda dizaýnerlerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistandan gelen ussatlar hem bar
Çeşme: tatar-inform

MEDENIÝET, 23-nji iýul | ORIENT. Kazan şäherinde «Durmuş stili – Medeniýet kody» atly V Halkara etnofestiwaly öz işine başlady. Özboluşly ussatlyk merkezinde geçirilýän iri medeni çäre Russiýanyň sebitlerinden we daşary ýurtlardan gelen senetçileri, suratkeşleri hem-de moda dizaýnerlerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistandan gelen ussatlar hem bar.

22–26-njy iýul aralygynda festiwalyň çäginde awtorlyk el işleriniň giň gerimli etno-bazary guraldy. Bu ýerde türkmen senetçileri beýleki daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen birlikde özboluşly el işlerini hödürleýärler. Myhmanlar diňe bir milli önümleri satyn almak bilen çäklenmän, eýsem ýörite ussatlyk sapaklarynyň üsti bilen gadymy senetçilik däpleri bilen hem tanyşýarlar.

turkmenistan-masters-designers-ethno-festival-kazan-2026 (4).jpg

Festiwalyň maksatnamasy birnäçe möhüm ugry öz içine alýar:

Moda görkezilişleri: 22-nji- 24-nji iýul aralygynda podiumda Aziýa, Afrika we GDA ýurtlaryndan 45-den gowrak dizaýeriň kolleksiýalarynyň görkezilişleri geçýär. Türkmen milli nagyşlary we milli öwüşginli bezelen dizaýnlar hindistandanly, katarly, marokkoly, özbegistanly we gazagystanly dizaýerleriniň işleri bilen birlikde etno-moda görkezilişlerine utgaşykly girizilendir.

turkmenistan-masters-designers-ethno-festival-kazan-2026 (1).jpg

Işewürlik maksatnamasy: 23–25-nji iýul aralygynda geçirilýän bilermenler maslahatlarynda halk çeperçilik senetlerini gorap saklamak, milli nagyşlary häzirki zaman dizaýnyna ornaşdyrmak, döredijilik pudaklaryny hem-de etnobrendleri ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmen ussatlarynyň Kazandaky halkara etnofestiwalyna gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň özboluşly amaly-haşam sungatyna we dokmaçylyk däplerine bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär.

coda orient.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

20:00 Sentýabr 17, 2026
Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

17:00 Sentýabr 17, 2026
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026