HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmengaz» Germaniýanyň VIETZ GmbH kompaniýasyndan ýörite enjamlary satyn alar

Iýul 21, 2026 | 00:20 |5233
«Türkmengaz» döwlet konserni Germaniýadan ýokary tehnologiýaly enjamlary göni satyn almak arkaly öz maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi«Türkmengaz» döwlet konserni Germaniýadan ýokary tehnologiýaly enjamlary göni satyn almak arkaly öz maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi
Çeşme: vietz.de

«Türkmengaz» döwlet konserni Germaniýadan ýokary tehnologiýaly enjamlary göni satyn almak arkaly öz maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow tarapyndan hödürlenen resminama laýyklykda, döwlet konsernine Germaniýanyň meşhur VIETZ GmbH kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat berildi. Satyn alynjak tehniki enjamlar nebitgaz toplumynyň garamagyndaky kärhanalaryň we edaralaryň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenendir. Munuň özi uglewodorodlary gazyp almak hem-de daşamak tapgyrlarynda öndürijiligi we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň esasy wezipesiniň tebigy gazyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmakdan, içerki islegleri doly kanagatlandyrmakdan hem-de halkara eksport borçnamalaryny ýerine ýetirmekden ybaratdygyny belledi.

ORIENT-iň maglumaty: Germaniýanyň Gannower şäherinde ýerleşýän VIETZ GmbH kompaniýasy magistral nebit we gaz geçirijilerini gurmak hem-de olara hyzmat etmek üçin toplumlaýyn enjamlary öndürýän we üpjün edýän abraýly Ýewropa kompaniýalarynyň biridir. 50 ýyldan gowrak taryhy bolan kompaniýa agyr turbageçiriji tehnikalaryny, kebşirleýji traktorlary, gidrawlik beketleri, turbalary egiji enjamlary we kebşirlenen tikinleriň hiline gözegçilik ulgamlaryny öndürmekde ýöriteleşendir. VIETZ kompaniýasynyň önümleri aşa çylşyrymly howa şertlerinde ulanmak üçin niýetlenendigi sebäpli Merkezi Aziýadaky iri gaz geçiriji taslamalarda giňden peýdalanylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026