Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär


Medeniýet, 21-nji iýul | ORIENT. Türkmenistan milli mirasymyzyň üç ugruny ÝUNESKO-nyň halkara we sebit sanawlaryna girizmek boýunça resminamalar toplumyny taýýarlap, gurama hödürledi. Ýylyň başyndan bäri bilermenler ýurdumyzyň medeni we ylmy mirasynyň özboluşlylygyny açyp görkezýän giňişleýin maglumatnamalary taýýarladylar.
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ýerli endemik derman ösümliklerinden peýdalanmaga esaslanýan köp asyrlyk halk lukmançylygy däpleri, şeýle-de tahýa taýýarlamak sungaty we ony geýmek däpleri hödürlenildi.
Şol bir wagtyň özünde seýrek ýazuw ýadygärlikleri hem halkara derejesinde ykrar edilmäge taýýarlanýar. «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym Ybraýym Edhemiň ömri we sopuçylyk filosofiýasyna bagyşlanan, milli gaznada saklanýan golýazmalar hödürlenildi.
Mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça başlangyçlar halkara institutlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen utgaşykly amala aşyrylýar. Ozal Aşgabatda ÝUNESKO we ISESCO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, türkmen medeniýetiniň gymmatlyklaryny dünýä giňişligine ornaşdyrmak boýunça täze ädimler kesgitlenildi.






