Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň adyndan ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy howpsuzlyk, öňüni alyş diplomatiýasy, howa meselesi we durnukly ösüş ýaly ugurlary öz içine alýan strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny belledi.
Häzirki wagtda hyzmatdaşlyk “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde ösdürilýär. Bilelikdäki başlangyçlary utgaşdyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde «Türkmenistan — BMG» Strategik maslahat beriş geňeşi çykyş edýär. Bu geňeş energetika howpsuzlygyndan we ulag geçelgelerinden başlap, ekologiýa hem-de ynsanperwer ugurlara çenli dürli taslamalary öz içine alýar.
Sýaotszýun Gres Wan sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.







