Mary welaýatyndaky gaz käninde senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy


NEBITGAZ, 20-nji iýul | ORIENT. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan ekologiýa taýdan arassa senagat ähmiýetli kükürtsiz metan gazlanyň akymy alyndy. Guýy 2916 metr çuňluga çenli burawlandy, uglewodorodlar bolsa ýer astyndaky 2858–2860 metr aralygyndaky gatlaklardan çykarylýar.
Täze işe girizilen guýynyň çykymy gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak tebigy gaza ýetýär. Çig malyň esasy artykmaçlygy — düzüminde kükürt garyndylarynyň ýoklugydyr. Bu bolsa ony senagat taýdan gaýtadan işlemek we eksport etmek üçin gymmatly önüme öwürýär. Häzirki wagtda hünärmenler desganyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar diýip, TDH habar berýär.
Guýynyň üstünlikli işe girizilmegi pudagyň umumy görkezijileriniň ösüşini görkezýär: 2026-njy ýylyň alty aýynda Türkmenistanda eýýäm 39,1 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy. Serişde binýadyny giňeltmek işleri ýangyç-energetika toplumynyň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda alnyp barylýar. Hususan-da, önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserni “VIETZ GmbH” nemes kompaniýasy bilen ýöriteleşdirilen enjamlary satyn alar.
Mary welaýatyndaky ýataklaryň ösdürilmegi halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy orna eýedir. Bu işleriň öňbaşçysy bolup, ägirt uly “Galkynyş” gaz käni çykyş edýär. Bu ýerde 2026-njy ýylyň ýazynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna resmi taýdan badalga berildi.







