BMG-niň täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan Türkmenistanda wezipesine girişdi


AŞGABAT, 20-nji iýul | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy diplomaty täze wezipesine girişmegi bilen gutlap, oňa geljekki işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň başynda taraplar ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn üns durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gönükdirildi.
Sýaoszýun Wan bilen Raşid Meredow ýurduň milli ileri tutulýan ugurlaryny hem-de durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Diplomatlar aýratyn ünsüni Türkmenistanyň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirdiler diýip, DIM-iň resmi saýtynda habar berilýär.







